Beýik ösüşleri nazarlaýan tutumlar

10 Aprel 2024
148

Hormatly Prezidentimiziň uzak geljegi nazarlaýan beýik tutumlary netijesinde agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýy yzygiderli gowulanyp, berkarar Watanymyzyň dünýä dolan şan-şöhraty täze belentliklere göterilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň bezegine öwrülýän hem-de badalga berilýän düýpli özgertmeler bu mizemez hakykaty ýene bir ýola doly tassyklaýar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” bolsa şeýle döwletli tutumlaryň binýadyny has-da berkitdi.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, röwşen geljegine gönükdirilip, üstünlikli durmuşa geçirilýän uzak möhletleýin maksatnamalaryň çäklerinde, ýurdumyzda diňe bir milli bähbitleri däl, eýsem, umumadamzat bähbitlerini naýbaşy orunda goýýan ägirt uly taslamalar amala aşyrylýar. Halkara derejeli gaz hem-de elektrik geçirijileriň, ulag ýollarynyň, aragatnaşyk ulgamlarynyň ägirt uly taslamalarynyň gurluşyk işleriniň giň gerimde alnyp barylmagy, ýurdumyzyň sebitlerinde medeni-durmuş maksatly binalaryň hem-de önümçiligiň dürli ugurlaryna ýöriteleşdirilen iri möçberli desgalaryň il hyzmatyna berilmegi munuň anyk subutnamalarydyr. Halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan öňe sürülýän örän oýlanyşykly, döredijilikli, geljegi uly bolan her bir başlangyjy tüýs ýürekden goldaýar hem-de ýurdumyzda milli demokratiýanyň berkidilmegine, ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine gönükdirilen tutumlaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmagy hemişelik maksadyna öwürýär.

Amanmämmet Durdyýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.