Guwandyrýan görkezijiler bilen

10 Aprel 2024
253

Halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluna wepaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşlarynda berk jebisleşip, 2024-nji ýyly ruhubelentlik bilen garşylany ýap-ýaňy ýalydy. Hasaplap otursaň, şol şatlyk-şagalaňa, ýagşy arzuw-umytlara beslenen günlerden bäri eýýäm üç aý geçip, «Pähim-paýhas ummamy Magtymguly Pyragy» ýylynyň birinji çärýegi tamamlandy. Munuň özi gazanylan önümçilik netijelerine ser salmaga we olara baha bermäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň Gündogar sebitiniň senagat kärhanalarynda geçen döwürde gowy görkezijilere eýe bolnandygy bellärliklidir.

Has takygy, welaýatymyzda şu ýylyň tamamlanan üç aýynda senagat önümleriniň 5,3 milliard manatlykdan gowragy öndürildi. Iri we orta senagat kärhanalarynda öndürilen önümleriň artyş depgini himiýa, ýangyç-energetika we azyk senagatynyň kärhanalarynda emele geldi. Üstümizdäki ýylyň geçen döwründe senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 1,5 milliard manatlykdan gowrak boldy. Şonça önümiň 61,2 göterimi bolsa ýurdumyzyň daşyna ugradyldy. Geçen çärýekde sarp ediş harytlarynyň jemi öndürilişi 822,1 million manatlyga barabar boldy. Şonda döwlete degişli kärhanalarda bu önümleriň 206,8 million manatlygy öndürildi.

«Türkmen gündogary».