Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary

7 Aprel 2024
247

5-nji aprelde Türkmenistanyň söwda toplumynyň binasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň söwda toplumynyň ýolbaşçy düzümleri we şol ugurlardaky wekiller gatnaşdylar.

Dabarada Türkmenistanda taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek we gorap saklamak baradaky müdirliginiň başlygy Muhammet Mämmedow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryhy we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Kakajan Baýramow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Toýly Hommyýew, «Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri Orazguly Annaýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy Aýna Baýmuradowa, şeýle-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy Ahmet Annaberdiýew dagy çykyş etdiler.

Rahmandurdy RAHMANOW,
Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.