«Dürdür bu janyň lezzeti...»

5 Aprel 2024
293

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda adam saglygy baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulyp, saglygy goraýyş ulgamy dünýä hil ülňülerine laýyk getirilýär. Şonuň bilen birlikde, döredijiliginde saglyga degişli ebedi ýaşajak eserleri miras galdyran beýik şahsyýetlerimiziň ömri, öz halkyna galdyran gymmatly mirasy içgin öwrenilip, dünýä ýaýylýar. Doglan gününiň 300 ýyllygy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan şöhratly ýylda äleme ýaň saljak dabaralar bilen belleniljek akyldar şahyrymyzy hem şol şahsyýetleriň naýbaşysy hökmünde buýsanç bilen görkezip bileris.

Akyldar şahyrymyzyň halkyň aňyna müdimilik ornan dürdäne setirlerinde beýan eden saglyk hakyndaky pikir-garaýyşlary hiç haçan gymmatyny ýitirmejek jümlelerdir. «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýip belleýän beýik Pyragynyň döredijiliginde çilimkeşlik, naskeşlik ýaly ýaramaz pişeler ýazgarylyp, sagdynlygyň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň waspy belentden ýetirilýär. «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun» diýmek bilen, dana şahyrymyz her bir adamyň öz saglygyny kesellemezden ozal gorap saklamagyny nesihat edipdir. Magtymguly Pyragynyň sagdyn ýaşamak, köpräk hereketde bolmak, az iýip, az ýatmak baradaky öwüt-ündewleri ähli döwürlerde hem gymmatlydyr.

Gülnara NYÝAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.