Ähli döwürleriň beýik lukmany

5 Aprel 2024
293

Dünýä lukmançylyk ylmynda uly meşhurlyga eýe bolan Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly işiniň türkmen dilinde alty jiltde okyjylara ýetirilmegi bu beýik ynsana goýulýan hormat-sarpadan nyşandyr. Onuň işleri ýüzlerçe ýyllar bäri Ýewropanyň uniwersitetlerinde lukmanlaryň esasy okuw kitaplarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýär.

Abu Aly ibn Sina 980-nji ýylda dünýä inip, 1037-nji ýylda aradan çykypdyr. Onuň 980 – 999-njy ýyllarda Buhara şäherinde, 1000 –1012-nji ýyllarda Köneürgenç şäherinde, 1012 – 1015-nji ýyllar aralygynda Etrek, Gürgen, Dehistan sebitlerinde, 1016 – 1037-nji ýyllarda Reý, Yspyhan, Hemedan şäherlerinde ýaşandygy we işländigi barada taryhy maglumatlarda bellenilýär.

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň mugallymy.
Döwletgeldi ÝAZBERDIÝEW,