NOWRUZ DÄPLERI

5 Aprel 2024
244

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Togsan dolup tamam boldy gyşymyz» diýşi ýaly, gyş gutaryp, parahat we asuda Zeminimize ýylylyk aralaşdy. Ülkämize bahar pasly geldi. Şu ajaýyp günlerde toýlanylýan Nowruz baýramy hem ildeşlerimize bagtyýarlygy, ruhubelentligi bagyşlaýar. «Nowruz» sözi «täze gün» diýmegi aňladýar. Ata-babalarymyz Nowruzy täzelenişiň nyşany, täze durmuşyň, bagtyň, berekediň gözbaşy hasaplapdyr. Halkymyzyň müňlerçe ýyllyk taryhynda gadymy döwürlerden bäri giňden bellenilip gelinýän Nowruz baýramy diňe bir türkmenleriň däl, eýsem, dünýä halklarynyň köpüsinde bellenilýän baýramçylyklaryň biridir.

Nowruz baýramçylygy 2016-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Şol günden bäri her ýylyň 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Häzirki döwürde bu baýram biziň ýurdumyzdan başga Eýranda, Owganystanda, Azerbaýjanda, Täjigistanda, Yrakda, Hindistanda, Gyrgyzystanda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan, Başgyrtystan, Dagystan we beýleki sebitlerinde giňden bellenilýär.

Nadira RAHMEDOWA
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.