FIZIKI IŞJEŇLIK – SAGDYNLYGYŇ KEPILI

5 Aprel 2024
281

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň «Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly» bölüminde Diýarymyzyň sport ulgamynda gazanylan beýik üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada buýsanç bilen söz açylýar: «Dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri hakynda eşidenimde, ýakymly duýgulary başdan geçirýärin. Şol şatlykly habarlar ýurdumyzyň her bir raýatyny hem biparh goýýan däldir, guwandyrýandyr, kalbyny buýsanja besleýändir diýip pikir edýärin. Bu üstünlikler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda sporty ösdürmek ugrunda döredýän giň mümkinçiliklerimiziň ajaýyp miwesidir».

Fiziki işjeňlik ýaşlaryň saglygyny berkitmäge ýardam berýär, olaryň iş başarjaňlygyny ýokarlandyrýar, sagdyn we ruhubelent, watançy nesilleri terbiýeleýär. Hereket etmek, köp ýöremek, ylgamak, ýüzmek, welosiped sürmek, sport bilen meşgullanmak bedeniň sagdyn ösmegine kömek edýär. Fiziki işjeňlik adama intellektual, ruhy we fiziki kuwwatyny doly ulanmaga ýardam berýär.

Şirmyrat SÖÝÜNOW
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.