ÄLEMI ÝAZLAŞDYRÝAN BAHARYŇ GUDRATY

5 Aprel 2024
271

Bahar, sen geldiň-de, tebigata, tutuş barlyga nowjuwanlyk, ýaşaýyş, täzeleniş bagyşladyň, daş-töwerege gözellik, nepislik eçildiň. Seniň tämizligiňden, terligiňden nepesini durlan howany ýülük ýaly ýuwdan her bir ynsanyň ökjesi ýeňläp, özüni howada gaýýan ýaly duýýar. Seniň bu gudratyň syry nämede?!

Seniň gadamyň düşen ýerinde gök maýsalar parç bolup, gülälekler köz ýaly ýaňaklaryny güjeňledi. Geleriňe garaşyp, bütin gyş irkilen daragtlaryň şahalarynda gaýtadan direlişiň alamaty bolan pyntyjaklar peýda boldy. Seniň bu keremiň hikmeti nämede, bahar?!

Gurban GURBANOW
«Arkadagly Ýaşlar».