ÜÇÜNJI ÝOL

5 Aprel 2024
270

Durmuşda her kimiň özboluşly ösüş ýoly bar. Kim okap öwrenýär, kim görüp öwrenýär. Dowamly ösüş barha kämillige eltýär. Adamzadyň maksady hem kämillige ymtylmak. Onuň sakasynda bolsa ylym, bilim, tejribe ýatyr. Diňe bazarda özüňi oýnatmazlyk üçin däl-de, durmuşdaky ownuk-uşak zatlaryň öňünde ejizlemezlik üçinem, her zadyň çäresini, çykalgasyny salgy berýän üşük, zehin, akyl gerek. Pikirlenmeli, oýlanmaly, gözlemeli, gat-gat kitaplaryň sahypasyny agdarmaly, gerekli zadyňy agtarmaly. Tapmaly, täzesini döretmeli. Kelle beýnisi pikir bilen gurşalan adam nämedir bir zat başarmaga, döretmäge ukyplydyr. Akylyňy baýlaşdyrýan zatlaryň biri tejribe.

Durmuş meýdanynda taplanmadyk adam ýa-da özüni taplamaýan adam, öňe ýöredigi saýy büdräp başlar. Depäňdäki buludam ýük bolup görner, ýogsam ol öz suwuny özi göterýär, senden ýol soranok, ýeliň süren ugry bilen ýöreýär. Güneş diňe seni ýakýan ýalydyr, ýogsam ol ähli kişä şol bir belentlikden bakýar. Dem alýan howaňdaky kislorodlar azalyp, saňa gezek gelende bugaryp gidýän ýalydyr. Birhili, jynlar-arwahlaram köpelen ýaly, ýakymsyz düýşlere gatylyp, ne ýataňda rahatlyk berer, ne turaňda ynjalyk. Hawa, şeýle «... ýalylar» soňabaka köpeler gider. Täze zatlary dörmeseň, enaýy zatlary görmeseň, durmuşyň reňki gaýta-gaýta ýuwulmadan ýaňa solup giden esgä meňzär. Gündizlerem garaňky, ýagtylyklaram tutuksy görner.

Rahmet GYLYJOW
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory.