Halkara parlamentara hyzmatdaşlygyň aýdyň ýollary

20 Mart 2024
773

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisi dünýä döwletleriniň parlamentleri, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär we berkidýär, şeýle hem parlament derejesinde maslahat-duşuşyklary geçirmek bilen, halkara derejesinde guralýan maslahatlara we çärelere yzygiderli gatnaşýar.

2024-nji ýyl üçin halkara çäreleriniň meýilnamasy boýunça şu ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisinde gibrid görnüşinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy üstünlikli geçirildi. Fewral aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýanyň Tokio şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu iş sapary döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda tagallalary birleşdirmäge, kanunçykaryjylyk we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga amatly mümkinçilikleri döretdi. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri fewral aýynda Parlamentara Bileleşiginiň Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda «Dawa-jenjeliň soňuna çykmak: parahatçylykly geljek üçin çözgütler» şygary bilen geçirilen ýyllyk diňlenişigine, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirilen 23-nji Gyşky mejlisine hem gatnaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 2024-nji ýylyň 20 — 24-nji fewralynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçen Aziýa Parlament Assambleýasynyň 14-nji mejlisine we şu ýylyň 2 — 5-nji marty aralygynda Kot-d'Iwuar Respublikasynyň Abidjan şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Birleşiginiň 18-nji maslahatyna gatnaşdylar. Bu parlament guramalary Aziýa sebitiniň döwletleriniň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň arasynda gepleşikler geçirmek we has ýakyn hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.

Merdan TUWAKOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.