Bag – dur­mu­şyň be­ze­gi

15 Mart 2024
270

«Daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­mak ul­ga­myn­da ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän mil­li däp-des­sur­la­ry­myz bu gün­ki gün has-da kä­mil­leş­di­ril­ýär. Ata Wa­ta­ny­myz­da her ýyl­da äh­li­halk bag ek­mek çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň ba­gy-bos­san­ly­ga bü­rel­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň gö­zel te­bi­ga­ty­my­za bo­lan söý­gü­si­niň art­ma­gy­na uly ýar­dam ed­ýär» di­ýip nyg­ta­ýan Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da sag­dyn­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň, bag­ty­ýar­ly­gyň me­ka­ny bo­lan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tanda ra­ýat­la­ryň ra­hat, sag­dyn, eş­ret­li dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek, daş­ky gur­şa­wy, gö­zel te­bi­ga­ty­my­zyň aras­sa­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak ug­run­da ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da her ýy­lyň ýaz hem-de güýz pa­syl­la­ryn­da köp­çü­lik­le­ýin bag na­hal­la­ry­nyň ekil­me­gi ýur­du­my­zyň te­bi­ga­ty­nyň gö­zel­li­gi­ni art­dyr­mak bi­len bir­lik­de, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na hem uly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­zi ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek hem-de to­kaý zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň tu­tuş daş­ky gur­şa­wyň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­ma­gyn­da, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ro­waç­lan­ma­gyn­da diý­seň äh­mi­ýet­li­di­gi bol­sa öz-özün­den düş­nük­li­dir.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýy­lyn­da hem ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da­ky iş­ler do­wa­mat-do­wam bol­ýar. Mu­ňa 1-nji mart­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­niň bar­şyn­da hem aý­dyň göz ýe­tir­dik.

Sa­par­my­rat MU­KY­MOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.