Türkmenistanyň sport diplomatiýasy dabaralanýar

9 Fewral 2024
341

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda şeýle dürdäne jümleler bar: «Sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeldýäris. Bu ugur döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyz Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamyna eýe bolan, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde baý tejribe toplan, halkara sport hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde tanalýar»

Dünýä jemgyýetçiligi bu dürdäne jümleleriň ajaýyp hakykatdygyna Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sport abraýyny belende göteren möhüm wakanyň – ýurdumyzda geçen ýylyň noýabr aýynda geçirilen Kuraş boýunça ХIV dünýä çempionatynyň mysalynda ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdi diýip buýsanç bilen aýdyp bileris. Elbetde, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmagy, iň esasy hem, ýurdumyzyň dünýäde sport döwleti diýlip ykrar edilmegini gazanmagy esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen bu belent wezipelere abraý bilen hötde gelnendigi hemmämize mälimdir. Bedenterbiýe we sport ulgamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň badalga beren başlangyçlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da rowaçlanýandygy-da hemmämizi buýsandyrýan hakykatdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki wagtda milli sportumyz ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hem barha giňeldilip, ýurdumyzyň sport döwleti hökmünde dünýädäki abraýy has-da artýar. Türkmenistanyň 2023 – 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanmagy-da munuň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan bu şanly wakanyň paýtagtymyzda Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynyň öň ýanynda şatlygymyza şatlyk, buýsanjymyza buýsanç goşmagy aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Şeýle belent mertebä eýe bolmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň sport älemindäki abraýyny täze belentliklere göterdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bu komitetiň düzümine 2017 – 2021-nji ýyllar döwri üçin hem saýlanypdy we Türkmenistanyň şeýle mertebä nobatdaky gezek mynasyp görülmegi Gahryman Arkadagymyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmekdäki ýörelgeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň nyşanydyr.

«Türkmen sporty».