Asman Zeminden başlanýar

9 Fewral 2024
244

Ildeşimiz Oleg Kononenkonyň kosmos giňişligine aralaşanyna 20 ýyl töweregi wagtyň geçendigine garamazdan, ýetilen sepgitler häli-häzir hem dünýä metbugatynyň sahypalaryndan düşenok. Ine, ýakynda Türkmenistanyň Gahrymany we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany Oleg Kononenkonyň älem giňişliginde bolmagynyň umumy wagty boýunça dünýäniň täze rekordyny goýandygy barada buýsanç bilen habar berildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu hoş habar bilen bagly ildeşimize ýollan Gutlag hatynda onuň ýeten sepgidi buýsançly sözler bilen beýan edilýär. Durmuşda-da, kosmos uçuşyny amala aşyran wagtlarynda-da Türkmenistan Diýarymyzy birjik-de ünsünden düşürmeýän Oleg Kononenkonyň bu barada ýakynda aýdanlary onuň hakyky Watan ogludygyny görkezýär: «Nobatdaky kosmos uçuşyna men ýanym bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň suratyny, Döwlet baýdagyny we çuňňur hormatlanylýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäherine bagyşlanan kitaby aldym. Bu şäheriň açylmagy Türkmenistanyň tehnologik babatda ösüş derejesini tutuş dünýä äşgär etdi. Bu gymmatlyklar kosmosda meniň Türkmenistanyň we onuň halkynyň ykbaly bilen üýtgewsiz bitewüdigimi, aýrylmaz arabaglanyşygymy alamatlandyrar».

Asman Zeminden başlanýar. Bellige alaýmaly bu jümleler isleseň-islemeseň, mekdep ýyllaryňy ýada salýar. Synp ýolbaşçymyzyň geljekki kärimiz bilen bagly berýän her gezekki sowalynyň jogaby öňünden taýýardy. 10 okuwçynyň 8-siniň «kosmonawt» bolmak isleýändigi adaty ýagdaýdy. Biziň üçin bu soňlugynda şeýle-de bolaýmalydy. Çünki çagalyk ýyllarymyzyň arzuwy Dedaldyr Ikaryňky, Leonardo da Winçiniňki ýaly bolmasa-da, älem giňişligi bilen baglydy. Ýöne durmuşyň öz ýoly bar. Biri žurnalist, beýlekisi ykdysatçy... garaz, her kimiň ömür ýoly isleglere, onuň näderejede wysal tapýanyna bagly bolýar.

Orazgeldi GELDIÝEW,
sport synçysy.