Nurana geljegiň eýeleri

9 Fewral 2024
368

Ýaşlar döwrüň, milletiň döredijilik güýjüni özlerinde jemleýärler. Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim, terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ýurdumyzda bagtyýar ýaşlaryň saglyk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ylmyň iň soňky gazananlaryndan habarly nesli kemala getirmek, telekeçilik işine giňden höweslendirmek, ýaş maşgalalaryň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerinde ýaşamaklary üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikleri döredýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi hem-de Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hereket edýär. Şol resminamalara laýyklykda, ýaşlar ykballaryny gülletjek beýik işler bilen meşgullanmak mümkinçiligine, durmuşlarynyň döwrebap hem abadan bolmagyny üpjün etmek hukuklaryna eýe bolýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine durmuşa geçirilýän beýik başlangyçlarda, ýaş nesil, ýaşlar hakynda alada aýdyň şöhlelenýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Eneş ÝUSUPOWA,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebiniň usulyýetçisi.