Ussadyň şägirdi

9 Fewral 2024
384

Paýtagtymyzdaky 6-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Akmyrat Akmyradow — Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň türgeni.

Akmyrat sportuň söweş sungatyna çagalykdan höwes ederdi. Şonuň üçin ol sportuň kikboksing görnüşine 1-nji synpdan bäri gatnaýar hem-de ussat tälimçi Orazmuhammet Kömekowyň elinde tälim alýar. Halypanyň şägirtleriniň içinde iň güýçli türgenleriň biri bolan, 67 kg agramda çykyş edýän Akmyrat birnäçe gezek Ahal, Lebap, Mary, Daşoguz, Balkan welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň, şeýle-de, Türkmenistanyň çempionatlarynda, kubogynda ýeňiji bolmagy başardy.

Hallygözel GELDIMYRADOWA,
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumynyň buhgalteriýa bölüminiň baş hünärmeni.