Aziýa çempionatynyň bürünç medaly

9 Fewral 2024
336

7-nji fewralda talyp türgenimiz Gaýgysyz Töräýew Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkentde geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Ýaryşa 34 ýurtdan 239 türgeniň gatnaşýandygyny bellemek gerek.

Belli hünärmen Mansur Rejepowyň ýolbaşçylygynda bu ýaryşa ykjam taýýarlanan türkmen türgeni 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Gaýgysyz iki görnüşiň jemi boýunça 337 kilogram netije görkezmegiň hötdesinden geldi. Onuň ştangany silterläp galdyrmakdaky netijesi 148 kg, itekläp galdyrmakdaky görkezijisi 189 kg agrama deň boldy. Ildeşimiz itekläp galdyrmakda hem kiçi bürünç medal gazandy.

Jeren Durdyýewa,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.