Türkmen halkynyň beýik akyldary

9 Fewral 2024
238

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk senesini dünýä derejesinde giňden belläp geçmek bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy biziň her birimiz üçin pähim-paýhas ummanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ajaýyp goşgy setirinden ugur alnyp, halkymyzyň erk-islegi esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginde-de çuň many bar. Şeýlelikde, bu ýyl türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgelder. Halkymyzy täze döredijilik başlangyçlaryna beslär.

Gözel PIRMUHAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.