Bagtdan serpaýly bolmak

9 Fewral 2024
522

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze kitabyny sowgat etmegi her birimiziň watançylyk ruhumyzy belende göterdi, täze-täze üstünliklere, döredijilikli zähmete hyjuw döretdi. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakdaky aladalary, olara bolan belent ynamy we söýgüsi täze kitabynda öz beýanyny tapýar. Täze eserde ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda we jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilmegi eseriň täsirliligini we ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze kitaby biziň ýankitabymyza öwrüldi. Täze kitabyň baý many-mazmunyny açyp görkezýän çäreleriň, duşuşykdyr maslahatlaryň, bäsleşikleriň giň gerimde geçirilýän häzirki şanly günlerinde bilim işgärleri hem ajaýyp eseriň ähmiýetini wagyz etmekde tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Çünki bu eser ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde bahasyz gymmatlykdyr, hazynadyr.

Oguljahan TÖRÄÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.