Takylatdy – gadymy oýun

9 Fewral 2024
317

Türkmen halky milli-ruhy gymmatlyklaryny asyrlaryň dowamynda baýlaşdyryp, has-da kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiripdir. Uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan milli oýunlar hem baý mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Häzirki döwürde milli oýunlaryň ähmiýeti giňden wagyz edilip, jemgyýetimizde has-da ýaýbaňlanmagyna giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegine, aň-düşünjeli, kämil bolup ýetişmegine uly täsirini ýetirýän türkmen milli oýunlarynyň çagalar tarapyndan söýlüp oýnalýandygyny bellemek gerek. Olar häzirki döwürde hem toý-baýramlarymyzyň bezegi bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň üns-aladasy netijesinde täze röwüşde ösdürilýär.

Ýazbike ÖWEZOWA,
Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçi-mugallymy.