Abraýy dünýä dolýan Diýarym

9 Fewral 2024
1161

Türkmenistan daşary syýasat işinde dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berýär. Dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan ýurdumyz halkara gatnaşyklar ulgamynda ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlaryň çözülmeginde diňe syýasy-diplomatik gurallaryň ulanylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şol seneden bäri geçen taryhy döwürde döwletimiz abraýly we täsirli daşary syýasaty gyşarnyksyz amala aşyrmak bilen, wajyp başlangyçlary öňe sürüp, olary yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly dünýädäki abraýyny has-da belende göterdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde dünýäniň 193 döwletiniň biragyzdan goldamagy bilen, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama ikinji gezek kabul edildi. Bu taryhy resminama ýurdumyzyň daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny hem-de türkmen diplomatiýasynyň ýeten belent derejesini görkezdi.

Aşyrdurdy ALLAÝEW,
TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Hormatly il ýaşulusy.