Welaýatlardan habarlar

9 Fewral 2024
280

Sport, köpçülikleýin bedenterbiýe, sagdyn durmuş ýörelgeleri häzirki döwürde tutuş jemgyýetimizi gurşap alyp, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda hem sporty, bedenterbiýäni, sagdyn durmuş kadalaryny wagyz edýän maslahatlar, duşuşyklar yzygiderli guralýar. Olarda ähli ösüşleriň özeniniň saglykdadygy, sagdyn durmuşdadygy öňe sürlüp, sporty hemişelik hemra edinmegiň ömrüň gözelliginiň gözbaşydygy ündelýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, şeýle hem harby gullukçylaryň arasynda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çärelerini giňden ýaýbaňlandyrmak maksady bilen guralýan ýaryşlarda harby gullukçylarymyz öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri üçin döwlet Baştutanymyza alkyş sözleri şeýle çärelere gatnaşýanlaryň dilleriniň senasyna öwrülýär.