Durnukly ösüşiň hem parahatçylygyň hatyrasyna

10 Ýanwar 2024
1525

Ata Watanymyzyň halkara abraýynyň täze belentliklere galýandygyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolup geçen wakalar, daşary syýasatda durmuşa geçirilen beýik işler bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden taryhy Kararnamasyna laýyklykda, dünýä derejesinde «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip atlandyrylan ýylyň bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň häzirki zaman şertlerinde parahatçylygy goldaýan, birek-birege ynanyşmagy berkidýän, dostlugy dabaralandyrýan ýurt hökmünde ykrar edilendigini tassyklaýan wakalara beslenendigini uly buýsanç bilen bellemek gerek. 

«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizi iş ýüzünde amala aşyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmek ýaly möhüm maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Konsepsiýada öňde goýlan wezipeler esasynda dünýäde parahatçylyk söýüjilik diplomatiýasyny alyp barýan ýurdumyz halkara derejede dostluk we ynanyşmak ýörelgelerini üpjün etmek üçin tagallalaryny gaýgyrmaýan, netijeli, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolan döwlet hökmünde çykyş etmek bilen, dünýäde oňyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Türkmen döwletiniň öňe sürýän başlangyçlarynyň, teklipleriniň düýp özeninde şol maksatlar durýar. Munuň özi berkarar Watanymyzyň ýöredýän daşary syýasatynyň asyrlardan aşyp gelýän hoşniýetlilik we dost-doganlyk ýörelgelerine, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýandygyny görkezýär.

Muhammetmyrat ÖWEZOW,
«Balkan».