Ýaşlara bagyşlanan ýylyň şöhratly menzilleri

29 Dekabr 2023
286

«Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar. 27-nji dekabrda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerine bagyşlanan özboluşly çäreleriň – paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň hem-de beýleki dabaralaryň mysalynda bagtyýar ýaşlarymyzyň bu belent ynamy abraý bilen ödeýändiklerine, ýaşlara bagyşlanan ýylyň şöhratly menzillere beslenendigine bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik.

Ajaýyp zamanamyzda ýaş nesiller bilimlerini we zehinlerini dürli ders olimpiadalarynda, döredijilik bäsleşiklerinde, sungat festiwallarynda, sport ýaryşlarynda görkezýärler, döwlet hem-de hususy düzümlerde üstünlikli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösdürilmegine işjeň gatnaşýarlar. Olaryň gazanan üstünlikleri şu gezekki köpugurly sergide giňden beýan edilýär. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň merdana türgenleriniň halkara we dünýä derejesindäki ýaryşlarda gazanan uly ýeňişleriniň hem şu sergide öz aýdyň beýanyny tapandygy bellärliklidir.