«Arkadag» toparynyň taryhy üstünligi

29 Dekabr 2023
320

Gazetimiziň geçen sanlarynyň birinde täze döredilen «Arkadag» toparynyň ilkinji möwsümi taryhy netije bilen jemläp, çempionlyk gazanandygy barada ýörite makala çap edipdik. Şonda Arkadag şäheriniň adybir toparynyň futbol çempionatymyzyň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda arzyly sepgide ýetendigini belläp geçipdik. Ine, indi bolsa täze topar bilen baglanyşykly ýene bir hoş habar. Ýurdumyzyň Kubogy ugrunda geçirilen bäsleşigiň ähli duşuşyklaryny ýeňiş bilen tamamlan bu topar çempionlygynyň üstüni kubok bäsleşiginiň baş baýragy bilen ýetirdi. «Arkadag» topary final duşuşygynda geçen ýylyň çempiony hem-de Kubogynyň eýesi «Ahal» toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy.

* * *

Orazgeldi GELDIÝEW,
sport synçysy.