Baş arçanyň daşynda

29 Dekabr 2023
378

Arkadagly Serdarymyz 28-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşyp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan çärä gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy. Şol gün Baş arçanyň ýanynda geçirilýän dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan çagalar we paýtagtymyzyň mekdeplerinden göreldeli okuwçylar çagyryldy. Olar ders olimpiadalarynyň, sport we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, çagalar öýlerinde terbiýelenýän çagalardyr.

Arkadagly Serdarymyz eziz Watanymyzyň hem-de jemgyýetimiziň buýsanjy bolan şadyýan çagalaryň çykyşlaryny uly gyzyklanma bilen synlady. Uly şatlyk-şowhunda Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy.

Jeren GURBANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.