Behişdi bedewleriň bezegleri

29 Dekabr 2023
373

Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende göterdi. Eýsem-de, halkymyz irki döwürlerden bäri öz wepaly hem sapaly bedewlerini neneňsi esbaplar bilen bezedilerkä? Geliň, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň!

Eýer – ata münülende adamyň rahat oturmagy üçin peýdalanylýan esbap. Ol gaýyşdan ýasalyp, onuň üstünde oturan adam iki ýana agmaz ýaly, eýeriň gaşy biraz beýigräk edilýär. Eýeriň iki gapdalyndan üzeňňi dakylar ýaly, deşijekler goýulýar.