Goşa üstünlik

29 Dekabr 2023
356

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetilip, kalplara ganat bekleýän şanly wakalara baý boldy. Täze ýylyň öňüsyrasynda bolup geçen buýsandyryjy pursatlardyr hoş habarlar bolsa olaryň üstüni ýetirdi.

Golaýda Arkadag şäheriniň 10 müň tomaşaçy orunlyk döwrebap stadionynda şowhunly dabara geçirildi. Ol janköýerlik edýän söýgili toparymyzyň — «Arkadag» toparynyň Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda çykyş eden ilkinji möwsüminde gazanan goşa üstünligine bagyşlandy. Elbetde, geçirilýän her bir duşuşykda ýeňiş gazanmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Muňa garamazdan, «akylly» şäheriň adybir topary bu wezipäniň hötdesinden geldi. Çempionatdaky altyn medallaryň üsti bolsa Türkmenistanyň arzyly Kubogy bilen ýetirildi. Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günlerde «Arkadag» toparyna Şa serpaýynyň — «MAN RR3 19.440 EEV» kysymly awtobusyň açarynyň gowşurylmagy-da ýatda galjak guwandyryjy waka boldy. Biz söýgüli toparymyza täze ýylda-da täze üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Azymberdi GARRYÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy.