Döwrebap tehnologiýalar we sport

29 Dekabr 2023
358

Bu gün sportuň eýe bolýan taryhy sepgitleri dünýä rekordlarynyň täze tapgyrynyň bellige alynmagyna esas berýär. Munuň döwrebap sport tehnologiýalarynyň, innowasiýalaryň miwesidigine aýratyn ünsi çekmelidiris.

Çünki tehnologiýalaryň görlüp-eşidilmedik ösüşlere beslenýän häzirki dünýämizde türgeniň fiziki mümkinçilikleriniň iň ýokary derejesini ylmyň döwrebap tejribesi bilen utgaşdyryp, türgenleriň ýokary taýýarlygy üpjün edilýär. Munuň sportuň ýekelikdäki görnüşleri bilen birlikde, toparlaýyn oýunlara hem mahsus aýratynlykdygyny bellemek gerek.

Soltanmyrat ESENOW,
TDB we SI-niň mugallymy.