Watana bolan söýgi

29 Dekabr 2023
273

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýokary netijeler gazanylýar hem-de öňde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şol gazanylanlary, gadymy milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda ýaşlara uly orun berilýär.

Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, bagtyýar şu gününe, beýik geljegine bolan buýsanjyny artdyrmak babatda taryhy özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýaşlar döwlet tarapyndan özlerine bildirilen ynamdan ruhlanyp, ähli ulgamlarda yhlasly zähmet çekýärler. Bu bolsa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda täze döwrüň ruhuny açyp görkezýär.

Amanşeker AŞYROWA,
Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebiniň mugallymy.