Welaýatlardan habarlar

29 Dekabr 2023
390

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda adamlaryň saglygyny goramakda we berkitmekde, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilip, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bedenterbiýe we sport maksatly döwrebap desgalar gurulýar.

Talyplarymyzyň dürli medeni-sport çärelerine, köpçülikleýin welosipedli ýörişlere, sport ýaryşlaryna hem işjeň gatnaşýandyklaryny bellemek isleýäris. «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly ýaryşlaryň çäklerinde talyplarymyzyň ýeňil atletikanyň birnäçe görnüşlerinden baýrakly orunlary eýelemegi bizi örän buýsandyrdy hem-de begendirdi. Olar halkymyzyň saglygyny goramakda beýik tutumlary amala aşyrýan, ýaşlar üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.