Ahalteke bedewiniň dünýä dolýan şöhraty

23 Dekabr 2023
273

Iň gadymy halklaryň biri hökmünde tanalýan türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan goşandy bimöçberdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu hakykatyň Ýer ýüzünde uly ykrarnama eýe bolýandygy her birimiziň kalbymyzy çäksiz guwanja, buýsanja besleýär. Behişdi mekanyň gözelligini özüne siňdiren ýelden ýüwrük bedewlerimiz hem şolaryň esasylarynyň biri bolup, ajaýyp zamanamyzda bu milli gymmatlygymyz halkymyzyň buýsanjy, göwün syrdaşy hem-de şan-şöhraty bolup öňe çykýar.

Ýakynda Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi aýdylanlaryň aýdyň subutnamasy boldy we Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakasy hökmünde täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy.