"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Beýik işlere buýsanjyň beýany

Welaýat Baş bilim müdirligi bilen çagalar bagymyzyň bilelikde guramaklarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly bilen» atly maslahat geçirildi. Bilim işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda guralan maslahatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede garşylamak, bilim ulgamynda göreldeli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Ata Watanymyzyň at-abraýynyň, mertebesiniň geljekde has-da belende galmagynyň ýaş nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerine baglydygy, jemgyýetde mynasyp orun tapyp bilýän kämil şahsyýetleri kemala getirmekde bolsa halkymyzyň milli ýörelgelerinden ugur alynmagynyň zerurdygy, bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ähmiýetiniň örän uludygy çykyşlarda buýsanç bilen nygtaldy.

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Islendik özgertmelerimiziň gözbaşy bilimden gaýdýar. Diňe aňly-düşünjeli, häzirki zaman bilimlerinden habarly, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän ýaşlar beýik döwleti gurmaga ukyplydyrlar. Şu wezipäni durmuşa geçirmekligi baş maksat edip goýan eziz Diýarymyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär. Maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri dünýäniň bu ugurdaky gazananlaryny içgin öwrenmek hem-de özleşdirmek nukdaýnazaryndan amala aşyrylýar. Ylym asyrynda esasy üns innowasion tehnologiýalara, sanly ulgamlara gönükdirilýär. Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça zerur bolan kanunçylyk binýadyndan başlap, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Şunlukda, bu ugra sanly ulgamy ornaşdyrmak, bilimiň derejesini ýokarlandyrmak, hünär taýdan kämilleşdiriş meselelerini işjeňleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar.

Kämil nesiller — Watanymyzyň geljegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik özgerişlere beslenýän ata Watanymyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň ylymly-bilimli, öz käriniň ussady bolan kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribelerine laýyklykda ýurdumyzda bilim beriş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Munuň özi tehnikanyň ýokary tizlik bilen ösýän zamanasynda ýaşlara döwrüň talabyna görä bilim bermekligiň zerur şerti bolup durýar. 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem bu ugurdaky möhüm ädimleriň biri boldy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna okuwa çagyrýarys!

1. 2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty okamaga isleg bildiren orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini habar berýär. 2. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa çagyrýarys!

1. 2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okamaga isleg bildiren, Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça 8-nji synpy tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny dolduran, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini habar berýär. 2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasynyň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

Röwşen geljegiň binýady

Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäginde bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär. Bilime jemgyýetimiziň öňe gitmeginiň, döwletimiziň mundan beýläk-de ösmeginiň binýady hökmünde garalýar» diýip belleýär hem-de ýurdumyzyň ylym, bilim binýadynyň barha pugtalanmagyna gönükdirilen giň göwrümli işleri alyp barýar. «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalaryň kabul edilmegi hem şonuň bilen şertlenendir. Ýaşlaryň bilim almaga bolan hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän bu kanunçylyk-hukuk namalarynyň üstünlikli hereket etmegi bilen, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, ökde hünärli we zähmetsöýer ýaşlar kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamlarynyň ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny aýratyn belläp geçdi. Ýeri gelende, bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmegiň çäginde Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly kabul edilen Konsepsiýalaryň ähmiýetiniň uludygyny bellemek gerek.

Asylly käriň ussatlary

Gökdepe etrabyndaky 19-njy çagalar bagynda «Ýylyň terbiýeçisi — 2021» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna etrapdaky çagalar baglaryndan terbiýeçiler gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi, berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýär, eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň döwrebap binalaryny gurdurýar. Bu zatlar çagalar baglarynda zähmet çekýän terbiýeçilere ýaş nesle döwrüň talabyna laýyklykda, ýokary watansöýüjilik ruhunda bilim-terbiýe bermäge, iş tejribelerini has-da kämilleşdirmäge, bilimiň we terbiýäniň täze usullaryny durmuşa ornaşdyrmaga, şeýle-de işlerine döredijilikli çemeleşmäge ruhubelentlik berýär. Bu bolsa, körpelere berilýän bilim-terbiýäniň netijeli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Hemişe täzeçillige ymtylýan, asylly kärine döredijilikli çemeleşýän şeýle terbiýeçileriň az däldigine nobatdaky bäsleşigiň dowamynda uly buýsanç bilen göz ýetirmek mümkin boldy.

Interaktiw usulyň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen milli bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek, ähli bilim ojaklarynda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak, olary döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün etmek üçin amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler häzirki wagtda oňyn netijeleri berýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, okatmagyň usullary yzygiderli kämilleşdirilýär. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde ulanylýan döwrebap usullaryň biri-de, sapaklarda interaktiw tagtalaryň we kompýuterleriň ulanylmagydyr. Iňlis dili sapaklaryny interaktiw tagtadan peýdalanmak we topar görnüşinde geçirilýän oýunlary ulanmak arkaly gurnamak sapagyň gyzykly geçmegine, okuwçylaryň sapaga gatnaşygyny ýokarlandyrmaga, olaryň berilýän maglumatlary doly özleşdirmegine, dil öwrenmäge bolan höweslerini has hem artdyrmaga uly ýardam berýär. Meselem, “Adjectives”, ýagny “Sypatlar” diýen temany geçenimizde sapagyň dowamynda Power point programmasynda taýýarlanan slaýdlardan, oýunlardan, audio we wideo serişdelerinden peýdalanmak sapagyň täsirli geçmegine we netijesiniň ýokary bolmagyna oňyn täsir edýär. Öz sapaklarymda slaýdlaryň kömegi bilen okuwçylara sypatlar barada umumy düşünje berýärin we türkmen dilindäki sypatlaryň ulanylyşy bilen deňeşdirip, iki diliň gr

Okuwçylara sözleýiş medeniýetini öwretmek

Asyrlardan asyrlara geçip gelen ene dilimiz iň bir gadymy dilleriň biri bolup durýar. Türkmen dilimiziň gymmatlyklaryny öwrenmek we geljek nesillere öwretmek, türkmen dili sapaklarynda bu barada okuwçylara düşündirmek esasy maksadymyzdyr. Munuň üçin sapaklarda okuw kitaplaryndan peýdalanmak, sapagy many-mazmunly geçirmek möhümdir. Şunda her bir synpda göz öňünde tutulan temalar yzygider geçirilýär. Okuwçylara sözleýiş medeniýetini öwretmek hem stilistika bilen baglanyşdyrylýar. Dilimiziň stilistik aýratynlyklary okuwçylara giňişleýin düşündirilmelidir we dürli stillerde tekstleri düzmek öwredilmelidir. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde türkmen dilimizi ösdürmek we geljek nesillere mynasyp geçirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Onuň üçin geljek nesillerimize, ýaşlara taryhy kitaplara söýgi döretmegimiz gerek. Çünki taryhy kitaplarymyzda dilimiziň nusgalyk baýlyklary, gadymy sözleri öz beýanyny tapypdyr. Şonuň üçin hem kitap okamak endigini ösdürmek möhüm bolup durýar. Ýaş nesillerimiziň kitaba bolan gyzyklanmasy gadymy sözlerimize düşünmeklerine oňat ýardam eder.

Innowasion tehnologiýalar durmuşa ornaşdyrylýar

Ýurdumyzda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, dünýä derejesinde hünärleri ele almagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» ýörelgelerini berjaý etmekde milli bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde sanly bilimiň häzirki zaman tehniki serişdelerini, maglumat gorlaryny peýdalanmak, bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek, ýokary hilli bilim gorlarynyň we hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek hem-de bilim bermegiň dowamynda sanly bilim serişdelerini, şol sanda elektron okuw kitaplaryny we gollanmalary ulanmak ýaly möhüm wezipeler goýuldy. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda döredilen “Bilim portalynda” professor-mugallymlaryň geçýän sapaklarynyň wideoşekilli ýazgylary, okadýan dersleriniň umumy, amaly we tejribe okuw sapaklary, şeýle-de dersler boýunça test ýumuşlary, peýdalanylýan edebiýatlar ýerleşdirildi. Bu bolsa, bir tarapdan, talyplara geçilýän sapaklary ýeňil özleşdirmäge ýardam berse, ikinji tarapdan, maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalary ösdürmegiň esasynda bilimiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Şunuň bilen baglylykda, talyplaryň alan nazary bilimlerini tejribede amal edilmegini öwretmek maksady bilen, institutymyzyň binýadynda okuw-tejribelik merkezi döredildi. Bu merkezde tejribe sap

Kompýuter sowatlylygy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­do­wyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ösü­şi­ne, hal­ky­my­zyň aň-bi­lim de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na uly üns be­ril­ýär. Ta­lyp ýaş­la­ry­my­zyň bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, wa­tan­sö­ýü­ji, mak­sa­daok­gun­ly we zäh­met­sö­ýer bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri hem-de hä­zir­ki za­man in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan go­wy baş çy­kar­mak­la­ry üçin uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da döw­rüň ta­la­by ýo­ka­ry bi­lim­li ök­de hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak­dan yba­rat. Şah­sy­ýe­tiň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bo­lup ös­me­gin­de yl­my iş­ler­den baş çy­kar­ma­gy mö­hüm­dir. Komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy şah­sy­ýe­tiň dü­şün­je­si­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny şert­len­dir­ýär. Bu so­wat­ly­lyk şah­sy­ýet­de ba­şar­jaň­ly­gy, iş­jeň­li­gi, tu­tan­ýer­li­li­gi we giň dün­ýä­ga­raý­şy ke­ma­la ge­tir­ýär. Komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­nyň esa­sy mak­sa­dy şah­sy­ýet­de bi­li­mi kä­mil­leş­dir­mek­den, bi­lim­le­riň esas­la­ry­ny öw­ren­mek­den we öw­ret­mek­den yba­rat­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bi­li­mi kä­mil­leş­dir­mek­de dür­li usul­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar. Şah­sy­ýe­tiň şah­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny göz öňün­de tu­tup öw­ret­mek esa­sy ugur­dyr. Şah­sy­ýe­tiň aň-dü­şün­je­si­niň ke­ma­la gel­me­gin­de onuň bi­li­mi­ni, ba­şar­jaň­ly­gy­ny ös­dür­mek ze­rur­dyr. Bu bol­s

Terbiýeçiler ussatlyklaryny görkezdiler

Balkanabat şäherindäki 29-njy çagalar bagynda körpelere edep-terbiýe bermekde terbiýeçileriň hünär ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi. Oňa gatnaşanlar okuw gollanmalary esasynda taýýarlan görkezme esbaplaryny, usuly-amaly işlerini hödürlediler. Körpeleri mekdebe taýýarlamakda, berk bedenli, sagdyn ruhly, edep-terbiýeli nesilleri kemala getirmekde, olary ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza wepaly adamlar edip ýetişdirmekde okuw-tejribeçilik işleriniň guralyşyny çykyşlaryň üsti bilen beýan etdiler. Netijede, Balkanabat şäherindäki 13-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Ogulnabat Meredowa baş baýraga eýe boldy. 38-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gülüstan Çaýtyýewa birinji, 14-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Arzygül Seýitgulyýewa ikinji, 43-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gurbanbibi Tekebaýewa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Zehinli ýaşlar — Watanymyzyň daýanjy

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde welaýat Baş bilim müdirliginiň, TMÝG-niň welaýat, şäher geňeşleriniň bilelikde guramaklarynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan taýýarlanan soraglar boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Oňa şäherdäki mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmagyny gazanmak, olarda Watana, milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgini ösdürmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde Balkanabat şäherindäki 13-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gülruh Durdygulyýewa birinji orna mynasyp boldy. 2-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gurbanbagt Nuryýewa hem-de 22-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ogultagan Tekäýewa ikinji, 3-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Mähri Mämmettaganowa, 20-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Züleýha Hajyýewa, Balkanabat şäherindäki çagalyk öýüniň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Jumanazarowa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Üstünlik hemraňyz bolsun!

Hormatly Arkadagymyzyň ýaş nesiller üçin edýän atalyk aladalary netijesinde jemgyýetimizde has ösen, ýokary düşünjeli, ylymly-bilimli ýaşlar ösüp kemala gelýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigi hem hut şol maksatdan ugur alýar. Ýakynda bolsa bu bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň maýor Muhammetmyrat Baýryýewiň müdirlik edýän Soltan Sanjar adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary hem gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Bäsleşikde harby okuwçylardan Ýazmyrat Ataýew, Ylham Nursähedow, Yhlas Akmeredow, Mekan Gulmyradow, Agahan Agamyradow, Böri Döwletow, Meýlis Hollyýew, Rahat Abylow, Rahat Gurbangeldiýew dagy baýrakly orunlara mynasyp boldular hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli diplomlary bilen sylaglandylar. Şonuň ýaly hem bäsleşige gatnaşan harby okuwçylardan Abdylla Nurgylyjow, Bähbitgeldi Gurtlyýew, Umyt Orazow, Şatlyk Abdyýew, Arzuw Aşgabadow, Hydyr Nursähedow, Öwezberdi Hojamberdiýew dagy welaýat Baş bilim müdirliginiň Minnetdarlyk hatlaryna mynasyp boldular. Bu bäsleşige harby okuwçylary taýýarlamakda harby mekdebiň okuw bölüminiň başlygy, maýor Annaberdi Ilýasow, mugallymlar Eýýup Allanazarow, Owlak Gurbanberdiýewa, Halmuhammet Geldiýew, Aýgözel Erkeşliýewa, Ogulnur Sähetdurdyýewa, Merdan Agabaýew, Eje

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Maksat — zehinlini ýüze çykarmak Gülläp ösýän Türkmenistan döwletimizde okuwçy ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem okuwçylaryň ukyp--başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär.

Tämizligiň saglyga täsiri

Eziz Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar ýaşamaklary, olaryň geljekde bilimli-sowatly, giň gözýetimli, Watana wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerindäki döwrebap mekdeplerde, dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar baglarynda tejribeli bilim işgärleri zähmet çekýärler. Ata-babalarymyzyň: «Bar zadyň sakasy — saglyk» diýip belleýişleri ýaly, biz hem her günki guraýan okuw sapaklarymyzda çagalarda ýaşlykdan arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek endiklerini kemala getirmäge aýratyn üns berýäris, olara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň hökmanydygyny düşündirýäris. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň wajypdygyny düşündirmek bilen birlikde okuwçylara saglygyň gadyr-gymmaty barada giňişleýin gürrüň berýäris. Şunda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky dürdäne nakyllardyr atalar sözlerinden peýdalanýarys. Bu kitapdaky «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok», «Saglyk — baýlyk», «Saglygym bar — baýlygym bar», «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýaly pähimler bilen okuwçylary tanyşdyryp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň, arassaçylyk düzgünlerini talabalaýyk berjaý etmegiň möhümdigini aýdýarys. Şeýle-de ellerini ýygy-ýygydan ýuwup durmalydyklaryny, saçlaryny arassa saklamalydyklaryny, dyrnaklaryny wagtly-wagtynda aýyrmalydyklaryny,

Nesil terbiýesi

Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgelerimize eýerip, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek wezipesi ene-ata bilen bilelikde bilim-terbiýeçilik işgärleriniň hem paýyna düşýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalarda milli däp-dessurlarymyza sarpa goýmak endiklerini ösdürmekde toplanan iş tejribelerden we usullardan peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr. Parasatly ata-babalarymyz «Salam — edebiň gözbaşy» diýip ýöne ýere aýtmandyr. Salam dost-doganlygyň, düşünişmegiň, birek-birege hormat-sarpa goýmagyň, ylalaşygyň nyşanydyr. Şoňa görä-de, salamlaşmagyň düzgünlerini, manysyny ýaş nesliň aňyna guýmak wajyp meseleleriň biridir.

Eýjejik gyzjagazlaryň şadyýanlygy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşik şanly ýylymyzda hem uly gyzyklanma eýedir. Munuň şeýledigine bäsleşigiň mekdeplerde geçirilen gözden geçirilişleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk etdi. Ak bugdaý etrabynyň çäginde umumybilim berýän mekdepleriň 44-si hereket edýär. Şol mekdepleriň 2 — 4-nji synplarynda okaýan eýjejik gyzlaryň arasyndan sungata, döredijilige höweslilerini saýlap almakda we şadyýan bäsleşige gatnaşmagyny gazanmakda bilim ojaklarynyň ilkinji ýaşlar guramalary mynasyp tagalla etdi. Şeýle tagallalar mekdebara gözden geçirilişleriniň netijeli bolmagyny şertlendirdi.

Okuwçylara milli mirasymyzy öwretmek

Başlangyç synplarda okuwçylara milli mirasymyzy öwretmekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak oňyn netijeleri berýär. Sapakda elektron okuw-usuly serişdelerden peýdalanmak, öwretmek pursadynda ýeňillik döredýär. Elektron serişdeleri ulanmak mugallymyň sapaga taýýarlygyny ýeňilleşdirýär, onuň wagtyny tygşytlaýar. Ondan başga-da, sapagy adaty däl usullarda guramaga mümkinçilik berýär. Sapakda öwredilen maglumatlary berkitmek mugallymdan köp zähmeti talap edýär, sebäbi, birinjiden: başlangyç synp okuwçylarynyň okuw maglumaty kabul edişleri birmeňzeş däl. Ikinjiden, bilimleri we endikleri berkitmek sapaklary köp mukdarda mysal-meseleleri çözdürmegi talap edýär. Üçünjiden, okuwçylaryň özbaşdak işlemekleri üçin mysal-meseleleriň jogaplary we çözülişleriniň nusgalary gerek bolýar. Bu ýagdaýdan netijeli baş alyp çykmak üçin mugallym sapakda öňünden taýýarlanan elektron serişdelerden peýdalanmaly bolýar. Mugallym tarapyndan taýýarlanan elektron serişdeler okuw kitabyndaky mysal ýa-da meseleler bolmaly däldir, olar okuw kitabynyň üstüni dolmalydyr.

Dil bilmek — baýlyk

Dil aragatnaşygyň iň möhüm serişdesidir, dil öwrenmek bolsa baýlykdyr. Dil adamyň sözleýiş medeniýetiniň, onuň içki pikirleriniň asyl nusgasyny kemala getirýär. Ynsan geplemegiň edebini dil üsti bilen ýerine ýetirýär. Türkmen dili gadymy we baý dildir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly