Zehinli ýaşlar — Watanymyzyň daýanjy

17 Fewral 2021
1624

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde welaýat Baş bilim müdirliginiň, TMÝG-niň welaýat, şäher geňeşleriniň bilelikde guramaklarynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan taýýarlanan soraglar boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Oňa şäherdäki mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmagyny gazanmak, olarda Watana, milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgini ösdürmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde Balkanabat şäherindäki 13-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gülruh Durdygulyýewa birinji orna mynasyp boldy. 2-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gurbanbagt Nuryýewa hem-de 22-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ogultagan Tekäýewa ikinji, 3-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Mähri Mämmettaganowa, 20-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Züleýha Hajyýewa, Balkanabat şäherindäki çagalyk öýüniň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Jumanazarowa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Maral GOÝUNLYÝEWA,
Bereket etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy.