Beýik işlere buýsanjyň beýany

19 Fewral 2021
1211

Welaýat Baş bilim müdirligi bilen çagalar bagymyzyň bilelikde guramaklarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly bilen» atly maslahat geçirildi. Bilim işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda guralan maslahatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede garşylamak, bilim ulgamynda göreldeli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Ata Watanymyzyň at-abraýynyň, mertebesiniň geljekde has-da belende galmagynyň ýaş nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerine baglydygy, jemgyýetde mynasyp orun tapyp bilýän kämil şahsyýetleri kemala getirmekde bolsa halkymyzyň milli ýörelgelerinden ugur alynmagynyň zerurdygy, bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ähmiýetiniň örän uludygy çykyşlarda buýsanç bilen nygtaldy.

Aýgül MURUNOWA,
Balkanabat şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.