Okuwçylara sözleýiş medeniýetini öwretmek

18 Fewral 2021
1400

Asyrlardan asyrlara geçip gelen ene dilimiz iň bir gadymy dilleriň biri bolup durýar. Türkmen dilimiziň gymmatlyklaryny öwrenmek we geljek nesillere öwretmek, türkmen dili sapaklarynda bu barada okuwçylara düşündirmek esasy maksadymyzdyr. Munuň üçin sapaklarda okuw kitaplaryndan peýdalanmak, sapagy many-mazmunly geçirmek möhümdir. Şunda her bir synpda göz öňünde tutulan temalar yzygider geçirilýär. Okuwçylara sözleýiş medeniýetini öwretmek hem stilistika bilen baglanyşdyrylýar. Dilimiziň stilistik aýratynlyklary okuwçylara giňişleýin düşündirilmelidir we dürli stillerde tekstleri düzmek öwredilmelidir.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde türkmen dilimizi ösdürmek we geljek nesillere mynasyp geçirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Onuň üçin geljek nesillerimize, ýaşlara taryhy kitaplara söýgi döretmegimiz gerek. Çünki taryhy kitaplarymyzda dilimiziň nusgalyk baýlyklary, gadymy sözleri öz beýanyny tapypdyr. Şonuň üçin hem kitap okamak endigini ösdürmek möhüm bolup durýar. Ýaş nesillerimiziň kitaba bolan gyzyklanmasy gadymy sözlerimize düşünmeklerine oňat ýardam eder.

Nurmämmet NAZAROW,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy.