Asylly käriň ussatlary

18 Fewral 2021
1012

Gökdepe etrabyndaky 19-njy çagalar bagynda «Ýylyň terbiýeçisi — 2021» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna etrapdaky çagalar baglaryndan terbiýeçiler gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi, berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýär, eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň döwrebap binalaryny gurdurýar. Bu zatlar çagalar baglarynda zähmet çekýän terbiýeçilere ýaş nesle döwrüň talabyna laýyklykda, ýokary watansöýüjilik ruhunda bilim-terbiýe bermäge, iş tejribelerini has-da kämilleşdirmäge, bilimiň we terbiýäniň täze usullaryny durmuşa ornaşdyrmaga, şeýle-de işlerine döredijilikli çemeleşmäge ruhubelentlik berýär. Bu bolsa, körpelere berilýän bilim-terbiýäniň netijeli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Hemişe täzeçillige ymtylýan, asylly kärine döredijilikli çemeleşýän şeýle terbiýeçileriň az däldigine nobatdaky bäsleşigiň dowamynda uly buýsanç bilen göz ýetirmek mümkin boldy.

Täzegül GURBANMÄMMEDOWA,
Gökdepe etrabyndaky 7-nji çagalar bagynyň müdiri.