Üstünlik hemraňyz bolsun!

17 Fewral 2021
1176

Hormatly Arkadagymyzyň ýaş nesiller üçin edýän atalyk aladalary netijesinde jemgyýetimizde has ösen, ýokary düşünjeli, ylymly-bilimli ýaşlar ösüp kemala gelýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigi hem hut şol maksatdan ugur alýar. Ýakynda bolsa bu bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň maýor Muhammetmyrat Baýryýewiň müdirlik edýän Soltan Sanjar adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary hem gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Bäsleşikde harby okuwçylardan Ýazmyrat Ataýew, Ylham Nursähedow, Yhlas Akmeredow, Mekan Gulmyradow, Agahan Agamyradow, Böri Döwletow, Meýlis Hollyýew, Rahat Abylow, Rahat Gurbangeldiýew dagy baýrakly orunlara mynasyp boldular hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli diplomlary bilen sylaglandylar. Şonuň ýaly hem bäsleşige gatnaşan harby okuwçylardan Abdylla Nurgylyjow, Bähbitgeldi Gurtlyýew, Umyt Orazow, Şatlyk Abdyýew, Arzuw Aşgabadow, Hydyr Nursähedow, Öwezberdi Hojamberdiýew dagy welaýat Baş bilim müdirliginiň Minnetdarlyk hatlaryna mynasyp boldular. Bu bäsleşige harby okuwçylary taýýarlamakda harby mekdebiň okuw bölüminiň başlygy, maýor Annaberdi Ilýasow, mugallymlar Eýýup Allanazarow, Owlak Gurbanberdiýewa, Halmuhammet Geldiýew, Aýgözel Erkeşliýewa, Ogulnur Sähetdurdyýewa, Merdan Agabaýew, Ejegyz Hanowa, Annageldi Nurmuhammedow dagy irginsiz zähmet çekdiler. Biz harby okuwçylarymyza welaýat tapgyrynda hem uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Orazmuhammet KAKYŞOW,
uly leýtenant.