"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Möhüm pudagyň rowaç menzilleri

Eziz Watanymyzyň çar ýanynda ýerasty we ýerüsti tebigy baýlyklarynyň uly gorlary bar. Bu baýlyklar milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin gymmatly çig maly bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýän milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri-de himiýa senagatydyr. Döwletimiz tarapyndan bu pudagy döwrebaplaşdyrmaga we onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň türkmen topragynyň ägirt uly tebigy baýlyklaryny ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň bähbidine netijeli we rejeli peýdalanmaga gönükdirilen oýlanyşykly syýasaty bu möhüm wezipeleriň oňyn çözülmegine ýardam edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe himiýa senagatynda amala aşyrylan toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde, taryh üçin gysga wagtyň içinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap kärhanalary gurmak, himiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny ençeme esse artdyrmak, öňden bar bolan kärhanalaryň durkuny döwrebaplaşdyrmak başartdy. 2014-nji ýylda Mary welaýatynda ýyllyk kuwwaty 640 müň tonna karbamid we 400 müň tonna ammiak öndürmäge niýetlenen zawodyň gurulmagy, 2016-njy ýylda Lebap welaýatynda ýyllyk kuwwaty 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge niýetlenen önümhananyň açylmagy, 2018-nji ýylda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid we 660 müň tonna ammiak öndü

Özgerişleriň nurly şuglasy

2020-nji ýylyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň iň oňat etraby – Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ykdysady-medeni durmuşyndan edebi söhbet Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň merkezi şäherine gurşaw berip oturan etrapda dürli milletleriň wekilleri bagtyýarlyk döwrümize buýsanyp, agzybirlikde zähmet çekýärler. Etrabyň ýaşaýjylary topraga yhlasly hyzmat etmegiň, ýerden ýokary hasyl almagyň, halal işläp, halal baýamagyň asylly nusgasyny görkezýärler. Etrabyň iň çetki obalarynda hem häzirki zaman şähergurluşygyna kybap gelýän binalaryň, durmuş-önümçilik maksatly desgalaryň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň hatary artýar.

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oýlanyşykly alnyp barylýan ykdysady syýasatda ýangyç-energetika pudagy esasy orunlaryň birini eýeleýär. Çünki nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetiň daýanjy bolmak bilen birlikde, ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynda-da ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar. Aslynda, ählumumy ösüşiň diňe bir ykdysady jähetleri babatda däl-de, eýsem, halkara syýasy gatnaşyklarda-da uglewodorod çig mallaryň dolandyrylyşynyň, esasan hem, eksportynyň kähalatlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerine öwrülmek mümkinçiligi aradan aýrylmaýar. Şoňa görä-de, uglewodorod çig mallary we olardan öndürilýän önümler strategik ähmiýeti bilen aýratyn tapawutlanýar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, nebit bitumyny, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Owganystanyň işewürleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen EСO-93 kysymly awtobenzini, Maltanyň telekeçileri bolsa polietileni satyn aldylar.

Eziz Diýar bagtyýarlyga beslenýär

Bagtyýar halkymyzyň her bir güni täze ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň durnukly ösüşiň esasyny düzýän nurana ak ýollary bilen röwşen geljegine sary ynamly barýan eziz Diýarymyz dünýäde ösüşleriň ýurdy, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde uly abraý-mertebä eýe boldy. Bu hakykat biziň her birimiziň ýüreklerimizi joşdurýar. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň ösüş-özgerişlere, toý-baýramlara beslenýän zamanasy bolup, göwünleri galkyndyrýar. Bu hakykat ajaýyp döwrümiziň adyna mynasyp bagtyýarlyk döwri bolup, bu günki gün agzybir türkmen halkynyň berkararlygyň eýesidigine bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhy bolan halkymyz üçin bagtyýarlyk düşünjesiniň çuňňur many-mazmuny eşretli durmuşyň güwäsi bolup aýdyň ýüze çykýar. Dünýä parahatçylyk nuruny çaýýan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işler, hususan-da, ata Watanymyzy ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmek babatda wajyp işler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barylýan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmäge, innowasiýalaryň binýadynda we goldawy esasynda senagat pudagyny berkitmäge we giňeltmäge, bar bolan senagat kärhanalaryny döwrebap ýagdaýa getirmäge aýratyn üns berilýär. Şeýle hem täze senagat kärhanalary dör

Milli ykdysadyýetimiziň belent ösüşleri

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar, beýik sepgitlere ýetilýär. Durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler netijesinde Watanymyz ykdysady taýdan ösen döwletler bilen bäsleşip bilýän, ygtybarly hem durnukly durmuş-ykdysady ösüşlere eýe bolýan döwlete öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz bu barada: «Berkarar döwletimiz gülläp ösüşiň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna, ynsan arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Biz ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen, kämil syýasy ulgamy bolan, adalatly we demokratik jemgyýetli ýurtlarynyň derejesine çykarmak baradaky baş maksadymyzy amala aşyrdyk» diýip, aýratyn belleýär. Milli Liderimiziň türkmen halkynyň köňül kuwwatyna öwrülen bu çuň manyly sözleri bolsa, halkymyzy halal zähmet çekmeklige we uly üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da artýar. Bu babatda gazanylýan üstünlikler biziň her birimiziň kalbymyzy buýsançdan doldurýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamlarynda durnukly ösüşleriň gazanylmagy, ilkinji nobatda, ýurt Baştutanymyzyň ykdysady strategiýasynyň we şol esasda işlenip düzülýän döwlet maksatnamalarynyň aýratynlyklary bilen baglydyr. Jemgyýetçilik durmuşymyzyň dürli ugurlaryna degişli bol

Taryhy günde şanly toý

Ýylylyk islendik ekin üçin esasy gerekli şertleriň biri. Şonuň üçin hem «ýyladyşhana» sözi diňe bir ekine däl-de, kalbyňa-da ýylylyk paýlaýar. Ynha, 25-nji martda Çärjew etrabynyň çäginde «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň täze ýyladyşhanasynyň açylyş dabarasynda hem şol ýylylyk hemmeleriň kalbyna nur çaýdy. Şol gün uly toý bilen welaýatymyzda ýene bir iri oba hojalyk taslamasy döredildi. Bu toýuň jümmüşinde bolanlar hem, oňa «mawy ýaýlym» arkaly gaýybana gatnaşanlar hem milli Liderimiziň ýurdumyzda hususyýetçilik pudagynyň ösdürilmegine berýän ünsüniň öz miwesini bereket bolup eçilýändigine şaýat bolandyrlar. Ine-de, taryhy dabaranyň iň ýakymly pursady. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly ýyladyşhananyň işe girizilmegine badalga berýär. Dabarada çykyş eden «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy bu ýerde ýerine ýetirilen işler barada milli Liderimize hasabat berip, döredilen giň mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär. Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen sahnanyň bezemen derwezesi açylyp, welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlaryna başlaýarlar. Joşgunly aýdymda-da il-günüň bolelin ýaşaýşyna gönükdirilen tutumlaryň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş ýaňlanýar. Ýaşlaryň ýerine ýetiren tansy täze ýyladyşhanada dörejek zähmet joşgunyny buşlaýar.

Ene toprak — sahawatly çeşme

Bize berlen maglumata görä, «Altyn bürgüdiň» ýyladyşhana toplumynyň birinji tapgyry 4 gektar meýdanda eýýäm üç ýyldan bäri işläp gelýär. Şu gezek onuň 4,5 gektara golaý meýdany eýeleýän ikinji tapgyry açylyp, ulanylmaga berildi. Noýabr aýyndan bäri 8,4 gektar meýdandan 600 tonna golaý pomidor ýyglyp, şonuň 460 tonna golaýy eksporta goýberilipdir, galan bölegi bolsa içerki bazarda ýerlenilipdir. Hususy kärhananyň ýyladyşhana müdiri Mahmut Myradow täze tapgyryň açylyp, ulanylmaga berilmegi bilen önümçiligiň ozalkysyndan iki esseden hem artandygyny aýdýar. Eýsem, «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň ýyladyşhana toplumy barada bizi nämeler gyzyklandyrýar? Elbetde, önümçiligiň gerimi hem-de döwrebaplygy. Biler bolsaňyz, toplumda olaryň ikisi hem jikme-jik göz öňünde tutulypdyr.

Döwrebaplyk we sanly tehnologiýalar

Täze ýyladyşhana toplumyndaky döwrebaplyk we sanly tehnologiýalar babatynda ýene-de käbir zatlary aýdyp bolar. Çünki bu ikisiniň sazlaşykly işine tas her ädimde diýlen ýaly gabat gelinýär. Bu babatda ilkinji aýdylmaly zat ekini suwarmak, şol bir wagtyň özünde-de dökünlemek üçin iň häzirkizaman, kämil gurluşyň ornaşdyrylanlygydyr. Arassa ýerasty çeşmelerden alnan suw ýörite ulgamyň üsti bilen ýene bir gezek süzgüçden geçirilip, başga bir ulgamda oňa ekine berilmeli dökün goşulýar. Tutuş ýyladyşhanada her düýp pomidory damjalaýyn usulda suwarmak üçin hem umumy uzynlygy müňlerçe metre ýetýän ulgam guralypdyr. Bu ulgam inçejik şlangalar arkaly suwy ekiniň düýbüne çenli getirýär.

Önüm hem özünden, gabam

Täze ýyladyşhananyň şu töwerekde bar bolan beýleki ýyladyşhanalardan ýene bir aýratynlygy önüm satuwa goýberilende peýdalanylýan plastik gaplaryň ― ýaşikleriň hem hut şu ýerde öndürilýänligidir. Munuň üçin täze toplumda ýöriteleşdirilen önümhana gurlupdyr. Esasy çig maly ýurdumyzda öndürilýän polietilen bolan gaplary öndürmek üçin Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen kuwwatly tehnologik gurluşdan peýdalanylýar. Ol doly awtomatlaşdyrylandyr. Önümhananyň işgärlerine diňe işiň gidişine gözegçilik edäýmek galýar.

Ak alkyşlar — ýürekleriň aýdymy

Elbetde, bu ýazgylar 25-nji mart güni ýurdumyzda täze açylan ýyladyşhanalaryň diňe biriniň söhbedi. Olaryň ählisi baradaky iň uly eseri Gahryman Arkadagymyz döredýär. Bu eser ajaýyp döwrümiziň altyn sahypalaryna ýazylýar. Şonuň üçin hem täze toplumda işlejek hünärmenleriň Gahryman Arkadagymyza alkyşyny şu ýazgylaryň iň mynasyp jemlemesi hasapladyk. Begenç ÇARYÝEW, «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:

Bazar gatnaşyklarynyň wajyp şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz hemmetaraplaýyn ösýär we dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulýar. Diýarymyzyň ösüşli ýollarynda milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmek wezipesine uly ähmiýet berilýär. Döwletimiziň saýlap alan ykdysady ugrunyň gözbaşynda milli önümçilik binýadynyň yzygiderli giňeldilmegine, ahyrky ykdysady netijelilige gönükdirilen bazar ykdysadyýetine geçmek ýörelgesi goýuldy. Toplumlaýyn häsiýete eýe bolan bu geçişiň binýatlaýyn ugurlarynyň biri-de döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak bilen bagly bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryny işjeň kemala getirmek we düşewüntsiz kärhanalaryň ykdysady netijeliligini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Hususyýetçilik milli ykdysadyýetiň döwlete dahylly böleginiň hyzmatlar ulgamynda, söwdada, oba hojalygynda we gaýry pudaklarda düşewüntsiz işleýän kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, ýaşaýyş jaý gaznalarynyň, söwda öýleriniň, söwda edaralarynyň, maldarçylyk hojalyklarynyň we başgalaryň hukuk gatnaşyklary ýagdaýynda dolulygyna ýa-da bölekleýin döwlete dahylsyz bölege, hususy kärhanalara, paýdarlar jemgyýetlerine ýa-da başga guramaçylyk hukuk görnüşli kärhanalara öwrülmegi, fiziki, ýuridiki taraplara şahslara satylmagydyr. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy maýa goýum bäsleşigi, bäsleşikli söwdalar he

Işiň rowaç bolsun, “mähriban obam!”

Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasynda ýurdumyzy ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini, maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Halk hojalygynyň obasenagat pudagyny, aýratyn-da, onuň köpugurly gaýtadan işleýän pudagyny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini, şol sanda hususyýetçiligi ösdürmäge düýpli maýa goýumlary goýulýar we özleşdirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine telekeçiler öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar ösen tehnologiýaly häzirkizaman önümçilik toplumlaryny gurýarlar. Gaýtadan işleýän senagatyň düzümleri täzelenip, kämilleşdirilýär. Ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň artdyrylmagy bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň saçaklary ýylyň dowamynda ýokary hil derejeli, ýokumly gök-bakja önümleri bilen üpjün edilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmegi hem bu wezipäniň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir. Şeýlelik-de, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler döredilip, täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär.

Ugur tyg­şyt­ly­ly­ga ta­rap

Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmekde, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde, raýatlaryň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmakda oňyn işler alnyp barylýar. Hususan-da, oba we şäher ýerlerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de energiýanyň dürli görnüşlerinden aýawly we netijeli peýdalanmagy ýola goýmak babatda birnäçe işler durmuşa geçirilýär, degişli döwlet Maksatnamalary kabul edilýär. Ýurdumyz tebigy gazyň, ýangyjyň gorlaryna, şeýle hem ýel we Gün energiýa çeşmelerine baýdyr. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen 2018-nji ýylyň 21-nji fewralynda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy» kabul edildi. Şeýle hem bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şol meýilnamada ýyladyş we gyzgyn suw üpjünçilik ulgamlary üçin kadalaşdyrmagyň intellektual ulgamlaryny, gurluşlary we enjamlary ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak ýaly işler göz öňünde tutulandyr.

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa ugruny ösdürmekde, täze pudaklary döretmekde, içerki zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsleşlige ukyply dürli önümleriň özümizde öndürilýän möçberlerini artdyrmakda hem-de eksport ugurly önümleri öndürmekde himiýa senagatyna uly ähmiýetli orun degişlidir. Bu ugurda alnyp barylýan syýasat tebigy baýlyklarymyzyň rejeli hem-de netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilendir. Strategik taýdan möhüm ähmiýetli bu wezipeler, diňe bir çig maly çykarmagy däl, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan ýokary hilli dürli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary esasynda çig malyň düýpli gaýtadan işlenilmegini hem öz içine alýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda utgaşdyrylyp taýýarlanan pudaklaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde senagatyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryna esaslanyp, himiýa pudagyna hem innowasion sanly tehnologiýalar we öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar.

Durnukly ösüş üpjün edilýär

Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Şunda pul dolanyşygynyň sazlaşykly ýagdaýyny üpjün etmek döwletiň öňünde durýan esasy meseleleriň biri bolup, dürli maliýe gurallary ulanmak arkaly döwlet pul dolanyşygynyň has-da kämil ýagdaýynyň döremegi üpjün edilmelidir. Gymmatly kagyzlar pul serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagynda esasy orun eýeleýär. Gymmatly kagyzlar dolanyşygy gaznalaryň hereket etmegi bilen şertlendirilýär. Ykdysady ösüşiň barşynda döreýän dürli ykdysady gatnaşyklar pul serişdeleriniň bir tarapdan beýleki tarapa geçmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Bir tarapdan öz işini ýokary derejede alyp barmak üçin maliýe serişdelerine zerurlyk çekýän taraplar, ýagny paýdarlar görnüşinde hereket edýän kärhanalar, beýleki tarapdan bolsa öz maliýe serişdelerinden peýda gazanmak isleýän taraplar, olara mysal hökmünde, kärhanalar, şeýle-de şahsy taraplar degişli bolup durýar. Gymmatly kagyzlar bazar ykdysadyýetinde örän möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Gymmatly kagyzlaryň alyş-çalşygy ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna oňaýly täsir edýär. Gymmatly kagyzlaryň döremegi bilen alyş-çalşyň has-da ýokary tizliklere eýe bolmagy, pul serişdeleriniň sazlaşygyny ýola goýujy gural hökmünde ulanylmagy gymmatly kagyzlaryň ykdysady zerurlygyny has-da artdyrýar.

Bolelinlige saldamly goşant harby ulgamdaky kömekçi hojalyklaryň baş maksadydyr

Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň degişli düzümleriniň kömekçi hojalyklary bilen yzygiderli gyzyklanýar. Sebäbi bar bolan serişdeleri we mümkinçilikleri doly peýdalanmagyň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Harby we hukuk goraýjy edaralarda ýokary düşewüntli kömekçi hojalyklaryň döredilmegi bu meseläniň üstünlikli çözülmegine ýardam edýär. Diňe goranmak häsiýetli Harby doktrinasyna daýanýan döwletimiz öz Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, yzygiderli serişdeler goýberýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky we býujetden daşary hasaplaşygyndaky edara-kärhanalarynda hem-de kömekçi hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň netijesi-de ýylsaýyn ýokarlanýar. Şolaryň her biriniň kuwwatlylygy, öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagy harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümini azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge we şol bir wagtda ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde öz goşantlaryny goşmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň degişli düzümlerinde maldarçylygy we ekerançylygy has-da giňeltmegiň zerurdygyn

Sanly bank hyzmatlary kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şonuň bilen bir hatarda bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär. «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy ýurdumyzyň karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere bökdençsiz bank hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýär.

Milli senagatyň mümkinçilikleri

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň senagatyny ösdürmek wezipesine uly üns bermek bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini döwlet ähmiýetli derwaýys wezipeleriň hatarynda goýýar. Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginlerde ösýän pudaklarynyň biri bolan himiýa senagaty ägirt uly kuwwatlyklara eýedir. Bu ugruň uly eksport mümkinçilikleri bar. HormatlyPrezidentimiziň baştutanlygynda himiýa toplumyny ösdürmek boýunça badalga berlen giň gerimli işler milli ykdysadyýetimizi dünýä derejesine çykarmak, ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler kuwwatyny netijeli peýdalanmak, eksport ugurly senagat önümleriniň möçberini artdyrmak maksadyndan ugur alýar. Häzirki döwürde himiýa pudagyny ösdürmek boýunça birnäçe wezipeler öňde goýlup, olaryň durmuşa geçirilmegi milli senagaty ösdürmäge täze itergi berer. Bu ugurda ýokary düzümli etana baý bolan gaz känleriniň binýadynda gazhimiýa toplumyny gurmaga aýratyn üns bermek ilkinji wezipeleriň hatarynda görkezilýär. Şeýle önümçilikler gysga wagtyň içinde polietilen bilen polipropileniň önümçiligini giňden ýola goýmaga, rezin-tehniki we kauçuk önümçiligi üçin çig mal binýady bolup hyzmat edýän önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Şu önümçilikleriň utgaşmagynyň senagat önümleriniň ýüzlerçe görnüşlerini öndürmek üçin serişde hökmünde ulanylýan polimerleriň dürli görnüşlerini çykarmaga şert döredýär.

Ösüşlere beslenýän taryhy wakalar

Türkmen halkynyň her bir güni uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýär. Häzirki bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler munuň aýdyň nyşanydyr. Esasan hem ýurdumyzyň ösüşi, dünýädäki belent abraýy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şu ýyl eziz Diýarymyzda şanly wakalar, ösüşler sanardan kän bolup, bularyň her biri buýsançly söhbetlere mynasypdyr. Berkarar Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän täze sepgitler hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, durmuşa geçirýän belent maksatlarynyň rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär. Gazanylýan beýik ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýollardan barýandygyny we röwşen geljeginiň has-da ösüşlidigini dünýä aýan etdi. Döwür öňe barýar, durmuş ösýär, özgerýär. Şu şanly ýylymyzda gazanylan iň beýik ösüşler halkymyzyň durmuşyndaky belent üstünlikler bolup kalba dolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyz milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünliklere beslenýär. Şolaryň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasyndaky Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara