Işiň rowaç bolsun, “mähriban obam!”

26 Mart 2021
998

Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasynda ýurdumyzy ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini, maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Halk hojalygynyň obasenagat pudagyny, aýratyn-da, onuň köpugurly gaýtadan işleýän pudagyny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini, şol sanda hususyýetçiligi ösdürmäge düýpli maýa goýumlary goýulýar we özleşdirilýär.

Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine telekeçiler öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar ösen tehnologiýaly häzirkizaman önümçilik toplumlaryny gurýarlar. Gaýtadan işleýän senagatyň düzümleri täzelenip, kämilleşdirilýär. Ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň artdyrylmagy bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň saçaklary ýylyň dowamynda ýokary hil derejeli, ýokumly gök-bakja önümleri bilen üpjün edilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmegi hem bu wezipäniň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir. Şeýlelik-de, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler döredilip, täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär.