Durnukly ösüş üpjün edilýär

24 Mart 2021
1558

Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Şunda pul dolanyşygynyň sazlaşykly ýagdaýyny üpjün etmek döwletiň öňünde durýan esasy meseleleriň biri bolup, dürli maliýe gurallary ulanmak arkaly döwlet pul dolanyşygynyň has-da kämil ýagdaýynyň döremegi üpjün edilmelidir. Gymmatly kagyzlar pul serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagynda esasy orun eýeleýär. Gymmatly kagyzlar dolanyşygy gaznalaryň hereket etmegi bilen şertlendirilýär. Ykdysady ösüşiň barşynda döreýän dürli ykdysady gatnaşyklar pul serişdeleriniň bir tarapdan beýleki tarapa geçmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Bir tarapdan öz işini ýokary derejede alyp barmak üçin maliýe serişdelerine zerurlyk çekýän taraplar, ýagny paýdarlar görnüşinde hereket edýän kärhanalar, beýleki tarapdan bolsa öz maliýe serişdelerinden peýda gazanmak isleýän taraplar, olara mysal hökmünde, kärhanalar, şeýle-de şahsy taraplar degişli bolup durýar.

Gymmatly kagyzlar bazar ykdysadyýetinde örän möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Gymmatly kagyzlaryň alyş-çalşygy ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna oňaýly täsir edýär. Gymmatly kagyzlaryň döremegi bilen alyş-çalşyň has-da ýokary tizliklere eýe bolmagy, pul serişdeleriniň sazlaşygyny ýola goýujy gural hökmünde ulanylmagy gymmatly kagyzlaryň ykdysady zerurlygyny has-da artdyrýar.

Dagdan ÖWEZOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.