Milli ykdysadyýetimiziň belent ösüşleri

26 Mart 2021
1430

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar, beýik sepgitlere ýetilýär. Durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler netijesinde Watanymyz ykdysady taýdan ösen döwletler bilen bäsleşip bilýän, ygtybarly hem durnukly durmuş-ykdysady ösüşlere eýe bolýan döwlete öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz bu barada: «Berkarar döwletimiz gülläp ösüşiň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna, ynsan arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Biz ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen, kämil syýasy ulgamy bolan, adalatly we demokratik jemgyýetli ýurtlarynyň derejesine çykarmak baradaky baş maksadymyzy amala aşyrdyk» diýip, aýratyn belleýär. Milli Liderimiziň türkmen halkynyň köňül kuwwatyna öwrülen bu çuň manyly sözleri bolsa, halkymyzy halal zähmet çekmeklige we uly üstünliklere ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da artýar. Bu babatda gazanylýan üstünlikler biziň her birimiziň kalbymyzy buýsançdan doldurýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamlarynda durnukly ösüşleriň gazanylmagy, ilkinji nobatda, ýurt Baştutanymyzyň ykdysady strategiýasynyň we şol esasda işlenip düzülýän döwlet maksatnamalarynyň aýratynlyklary bilen baglydyr. Jemgyýetçilik durmuşymyzyň dürli ugurlaryna degişli bolan Döwlet maksatnamalarynyň ählisinde halkyň bähbidi, her bir raýatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak wezipesi göz öňünde tutulýar. Muňa mysal edip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde ýetilen sepgitleri görkezmek bolar.

Jumaguly GURBANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hünärmeni.