Önüm hem özünden, gabam

26 Mart 2021
900

Täze ýyladyşhananyň şu töwerekde bar bolan beýleki ýyladyşhanalardan ýene bir aýratynlygy önüm satuwa goýberilende peýdalanylýan plastik gaplaryň ― ýaşikleriň hem hut şu ýerde öndürilýänligidir. Munuň üçin täze toplumda ýöriteleşdirilen önümhana gurlupdyr.

Esasy çig maly ýurdumyzda öndürilýän polietilen bolan gaplary öndürmek üçin Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen kuwwatly tehnologik gurluşdan peýdalanylýar. Ol doly awtomatlaşdyrylandyr. Önümhananyň işgärlerine diňe işiň gidişine gözegçilik edäýmek galýar.