Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

25 Mart 2021
1301

Milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa ugruny ösdürmekde, täze pudaklary döretmekde, içerki zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsleşlige ukyply dürli önümleriň özümizde öndürilýän möçberlerini artdyrmakda hem-de eksport ugurly önümleri öndürmekde himiýa senagatyna uly ähmiýetli orun degişlidir. Bu ugurda alnyp barylýan syýasat tebigy baýlyklarymyzyň rejeli hem-de netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilendir. Strategik taýdan möhüm ähmiýetli bu wezipeler, diňe bir çig maly çykarmagy däl, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan ýokary hilli dürli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary esasynda çig malyň düýpli gaýtadan işlenilmegini hem öz içine alýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda utgaşdyrylyp taýýarlanan pudaklaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde senagatyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryna esaslanyp, himiýa pudagyna hem innowasion sanly tehnologiýalar we öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar.

Ejegül BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.