"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Watansöýüji şahyr

Halkymyzyň guwanjy, milli buýsanjy bolan Magtymguly Pyragy türkmen milletiniň ruhuna kybapdaş täze bir edebiýatyň düýbüni tutdy. XVIII asyrdan bäri bu beýik dana şahyr her bir türkmeniň kalbynda hem aňynda adamkärçiligiň, ynsaplylygyň, watansöýüjiligiň ölçegi  hökmünde ýaşap gelýär. Akyldar şahyryň her bir eseri mertlige, wepalylyga, gaýduwsyzlyga, agzybirlige ýugrulandyr. Taryhda türkmen halky döwlet gurmak, bir başa uýmak hakynda arzuw edipdir. Şu jähetden, Magtymguly Pyragy hem tire-taýpalary bir döwletlilige çagyryp, şygyrlar ýazypdyr. Şahyr «Türkmeniň» atly goşgusynda:

Türkmeniň tebigat pelsepesi

Tebigat! Ýer ýüzündäki ähli ýaşaýşyň gözbaşy şu sözde jemlenýär. Tebigatyň gözelligi, berekedi bolsa ene ýerden — toprakdan başlanýar. Gadymy çeşmelerde adamzadyň ýaşaýşynyň gözbaşynda iki enäniň — ene topragyň we How Enäniň durandygy nygtalýar. Toprak Gün şöhlesiniň ýere düşmek aýratynlygy we suwuň, ygalyň täsiri bilen geografik taýdan özboluşly tebigata eýe bolýar. Türkmen tebigaty ýerden önýän önümlerimiz bilen bir hatarda, şirin dilimiziň we onuň labzynyň, däp-dessurlarymyzyň, adatlarymyzyň, aýdym-sazymyzyň, halyçylyk, atçylyk sungatynyň, maldarçylygyň ähli görnüşiniň kemala gelmegine binýat bolup, durmuşymyza siňdi. Türkmen tebigatynyň dört pasly ýerbe-ýer bolup, ol halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna aýratynlyk berýär. Halkymyzyň tebigat we pasyllar baradaky garaýşyna ser salsak, ata-babalarymyz pasyllaryň häsiýetine görä, olary birnäçe möwsümlere bölüpdirler. Mysal üçin, halk senenamasynda gyşyň garagyş, uly çille, kiçi çille diýen ýaly möwsümlere bölünişi ýaly, bahar aýy hem bölünýär: alabahar, bahar, ýaz. Alabahar, il arasynda aýdylyşy ýaly, «togsan dolup, ýere ýyly gidende» başlanýar. Ol nowruza çenli dowam edip, nowruzdan soň bahar möwsümi başlanypdyr. Mysal hökmünde aýtsak, «Saýatly-Hemra» dessanynda Hemra daşyň üstünde saýrap oturan üç sany käkiligi görüp, Selbinýazy ýatlap:

Milli mirasyň ýalkymy

Ýakynda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen teklip edilen bu çözgüt 5-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde kabul edildi. Hoşallyk maslahatyna Halkara ahalteke atçylyk we türkmen alabaý itleri assosiasiýalarynyň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň jogapkär işgärleri, ýurdumyzyň halypa seýisleri, çapyksuwarlary, atşynaslary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr professor-mugallymlary, döredijilik işgärleridir köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkara derejesine çykarylan şol milli gymmatlygymyz dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma eýe boldy. ÝUNESKO tarapynd

Asyrlardan aşan tagam

Merdana halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen baý milli mirasy keremli topragymyzda medeniýetiň gadymy ojaklarynyň gülläp ösendigini görkezýär. Köpöwüşginli maddy we ruhy medeni mirasymyzda milli tagamlarymyzyň hem möhüm orny bar. Milli tagamlarymyzy müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle, asyrdan-asyra geçirmegiň hötdesinden gelen ene-mamalarymyzyň döredijilik ukyp-başarnygy biziň her birimiz üçin nusga alarlyk görelde mekdebidir. Golaýda jemi jemlenilen «Asyrlara ýörelge — nesillere görelde» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda talhan süýjüligini taýýarlamak boýunça ýeňiji bolan Güljemal Jumaýewanyň hem ene-mamalarymyzdan miras galan milli ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy dowam etdirmekde we olary ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde aýratyn goşandy bar. Saýat etrabynyň Ärsarybaba geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň etrap bölüminiň işjeň agzasy Güljemal gelneje — gadymy milli tagamymyz bolan talhan süýjüligini taýýarlamagyň ussady. Biz hem ondan bu tagamyň taýýarlanyş usuly barada giňişleýin gürrüň bermegini haýyş etdik.

Sadalyk

Gowy adamlar uçdantutma diýen ýaly sada hem ynanjaň bolýarlar. (Atajan Tagan, “Kyrk ýylda ýazylan kitap”).

Ojaklaryň ýaraşygy, törleriň gelşigi

Zeminiň görki bolan zenanlaryň dünýäsinde diňe mähribanlyk bar. Muňa biz mährem enelerimiziň, eziz uýalarymyzyň edep-ekramynyň, yssy mähriniň, söýgüsiniň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Durmuş zenanlar bilen gözelleşýär. Zenanlaryň keýerjekläp duran dag jerenlerine, burk urýan al-elwan güllere, bagdaky al ýaňak almalara... deňelmegi olaryň gözelligiň nusgasydygyny subut edýär. Asylly terbiýesi bilen utgaşyp gidýän işjanlylygy, maşgala wepadarlygy zenanlarymyzy bezeýär. Türkmen zenany diýlende, asyllylyk, gözellik, zähmetsöýerlik, eli işlilik ýaly düşünjeler seriňe dolýar. Türkmen zenanynyň el hünäri oňa şan-şöhrat eçilýär. Has dogrusy, onuň mähri siňen, çeper ellerinden çykan halylardyr palaslar, näzik barmaklary bilen nagyşlanan kürtelerdir çabytlar, ýakalardyr beýleki el işleri dünýä ýüzünde türkmen zenanynyň mertebesini has-da beýgeldip gelýär. Türkmen milli halyçylyk we keşdeçilik sungatlarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi we dünýäde dabaralanmagy muňa mysaldyr.

Türkmen halkynyň “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” ÝUNESKO-nyň sanawynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir şanly wakasy taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmen halkynyň milli mirasynyň ajaýyp medeni gymmatlyklaryndan biri bolan “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar kalbymyza buýsanç bolup doldy. Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasan şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Ýakynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda bu waka mynasybetli hoşallyk maslahatynyň geçirilmegi kalbymyzy buýsançdan doldurdy. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýar. Bu ýörelge Watanymyzyň döwlet syýasatynyň we daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Geçen ýyllaryň dowamynda dünýä möçberli taryhy we medeni ähmiýeti bolan desgalary öz içine alýan ýurdumyzyň çäginde bar bolan ajaýyp ýadygärlikler, türkmen halkynyň sungatynyň dürli görnüşleri we edebi mirasy ÝUNESKO-nyň sanawlar

Atçylyk— gadymy sungat

Şanly ýylymyz bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Hormatly Prezidentimiziň 8-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýdan bu hoş habary 5-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasan şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde kabul edildi. Ata-babalarymyz türkmen bedewleriniň özüniň ruhy dünýäsinde tutýan ornuny dürli nakyllaryň, dessanlaryň, şadessanlaryň, şygyrlaryň üsti bilen beýan edipdir. Ahalteke bedewleriniň idedilişi, köpeldilişi, seýislenilişi barada döwletimiz tarapyndan uly alada edilýär. Seýisçiligiň ýörite mekdebi saklanyp gelinýär we bu ugurda ýokary bilim berilýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmen bedewiniň milli baýramy döredilip, bedewler bilen baglanyşykly köp sanly çözgütler kabul edildi. Olarda türkmen bedewleriniň seçgi-tohumçylyk işlerini kämilleşdirmek, at çapyşyklarda, türkmen milli toý-baýramçylyklarynda atlary giňden ulanmak, atçylyk sportuny ösdürmek, halkara atçylyk sporty ýaryşlaryna we şüweleňlere gatnaşmak, türkmen atçylygynda bar bolan beýleki gaýragoýulmasyz işleri amal etm

Şöhratly bedewler

Türkmen halkynyň ençeme müň ýyllyk taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen üznüksiz baglydyr. Bu täsin tohumyň ösüşiniň özi halkymyzyň ýokary ussatlygyna şaýatlyk edýär, çünki ähli güýjüňi, zehiniňi, kalbyňy asylly işe bagyş edip, tebigat bilen sazlaşykda ajaýyp eseri döretmek mümkindir. Halkymyzyň naýbaşy milli gymmatlygy bolan behişdi bedewlerimize çäksiz hormat-sarpanyň aýdyň alamaty hökmünde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilmegi ähli watandaşlarymyzy buýsandyrýar, nesilleriň kalbynda milli mirasymyza egsilmez söýgini kemala getirýär. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda, milli ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde behişdi bedewlerimiziň aýratyn orny bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan taryhymyzda türkmenleriň ahalteke bedewlerimizi baýlygyň, rowaçlygyň nyşany hökmünde ezizländigi hakyndaky maglumatlar dünýä äşgär edilýär.

“Şaýlar dakdym seteran...”

Halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň arasynda müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan zergärçilik sungatyna uly orun degişlidir. Gäwürgalada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde bu ýerden tegelek, süýrümtik, merkezi deşikli monjuklar tapyldy. Olar hakyk we pöwrize daşlaryndan ýasalypdyr. Mäne obasynyň ýanyndaky Altyndepede gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan dürli monjuklaryň 420-ä golaýynyň arasynda aýal maşgalanyň maňlaýa dakýan akly-garaly maýda monjuklarydyr bürünçden şaý hem bar. Bu bolsa türkmen zergärçiliginiň kökleriniň irki döwürlere uzaýandygyny aňladýar. Zergärçiligiň naýbaşy nusgalary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Türkmenistanyň etnografiýasy» ylmy-barlag bölüminiň hemişelik sergisinde sergilenýär. Şaý-sepleriň dürli görnüşleri gaznalarda goralyp saklanýar. Tyllaýy nusgalaryň içinde çaga şaý-sepleri ünsüňi has-da özüne çekýär. Olara «ok-ýaý», «tumarça», «bäzbent», «ýelpewaç», «dogaçyr», «guşdyrnak», «burma», «goçbuýnuz», «kürtegulak», «bent» (ýazma), «aýak-bukaw», «gerden dogajyk», düwme, dagdan, sytara we beýlekiler degişlidir. Bu bezegler özüniň köpdürlüligi we sebit aýratynlygy bilenem tapawutlanypdyr. Ikiden bäş ýaş aralygyndaky körpeler üçin şaý-sepler ýönekeýden ýeňilräk, 6 — 8 ýaşdakylara niýetlenen göwrümliräk, agyrrak bolupdyr. Bu bezegleri ene-mamalarymyz çagalarynyň egin-eşiklerine, tahýalaryna,

Magtymgulynyň ýubileýi

ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň hatarynda Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň teklip etmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň 42-nji mejlisinde kabul edilen degişli Kararnama laýyklykda, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bu şatlykly waka mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.

«Dözmeseň — dözer...»

Bäş müň ýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň arasynda «Dözmeseň — dözer, ýakmasaň — ýakar» diýlen aýtgy bar. Bu aýtgynyň birinji ýarymy dayhanlar bilen bagly. Daýhanlar baharda ýere sepen tohumlarynyň gämikläp çykan, gawundyr garpyzlarynyň, kädidir käşirleriniň, gowaçadyr jöwenleriniň, noýbadyr nohutlarynyň şüdügär ýerdäki yaşylja, sagdynja ösüntgilerini görüp guwanýarlar. Emma ýekelemäge gezek gelende bolsa «Dözmeseň — dözer» diýlen jümläni ulanýarlar. Iki gulak bolup çykan gämikleriň ara daşlygyna üns berip ýekelemeseň, dözmän golaý goýup gitseň, soň hasyla duranda gür bolup hasyllylygy pes bolýar. Şonda ekin saňa dözdi diýilýär. Şeýle hem daýhanlar dözümli bolmalydygyny nygtap, «Üzümiňi duşmanyňa çyrpdyr» diýlen aýtgyny hem ulanyarlar. Maldarlar täze bolan owlak-guzularyndan, naşyja gölelerinden, patanaklap ýören köşeklerinden dözmän alyk alman goýberseler ýa-da çalaja alyk alsalar soň kösenmeli bolýarlar. Şonuň üçin-de owlak-guzulara güýz gyrkymynda, köşeklere güýzüň ahyrynda daglama usulynda dürli şekillerden taýýarlanyp, berk gyzdyrylan metal bilen tagma basanlarynda çarwalar «Ýakmasaň — ýakar» diýlen aýtgyny ulanyp, tagmany berk basýarlar. Sebäbi, dözmän pes basylan tagmalaryň ýüzüne wagtyň geçmegi bilen tüý örüp, «tüý tagma» emele gelýär we gowy görünmän şübheli, jedelli, dawaly tagma öwrülýär. Şonda malyň hakyky eýesiniň içiniň ýanmagy mümkin diýlip, «Ýakmasaň — ýakar

Pul birlikleri

Dolanyşygyň möhüm serişdesi bolan gadymy pullaryň daş görnüşiniň özüneçekijiligi şol döwrüň nakgaşlarynyň ussatlygyny, ussahanalaryň tehniki mümkinçilikleriniň ýokary bolandygyny görkezýär. Gadymy döwürlerden bäri pullaryň atlandyrylyşynda dürli özgerişlikler bolupdyr. Türki halklar XI asyrda kümüş pullary «ýarmak» diýip atlandyrypdyrlar. Bu sözüň ýaýrawy örän giň bolup, onuň ýene bir manysy «dirhem» diýlen pul birligini hem aňladypdyr.

Şükür bagşynyň dutary

Suratda synlaýan dutaryňyz Şükür bagşynyň hut öz elleri bilen saz çalan dutary. Onuň özboluşly taryhy bar. Meşhur filmde Gulam bagşynyň keşbini janlandyran Hojam Öwezgelenow Şükür bagşynyň şägirdi eken. Halypa şägirdine göwni ýetip, öz çalýan dutaryny oňa beripdir. «Şükür bagşy» filmi uly abraýa eýe bolandan soň, Hojam aga «halypamyň ruhuny dikeltdiň» diýip, halypasynyň özüne beren dutaryny sowgat hökmünde filmiň režissýory Bulat Mansurowa gowşurýar. Soň bir gezek Bulat Mansurow Aşgabada gelende, dutary hem ýany bilen getirip, «Dutar Watan diýip aglaýar, ol bärde galsyn» diýip, ony filmde bile işleşen ýoldaşyna — Hojaguly Narlyýewe beripdir. Şondan on ýyl dagy geçensoň bolsa, Narlyýewler: «Sen Hojam agadan az hem bolsa tälim aldyň, filmlerde saz bilen bagly ýerlerde kömek edýärdiň, şonuň üçin dutar sende dursun, sen eýe çyk!» diýip, Şükür bagşynyň bu dutaryny görnükli sungat işgäri Bilbil Mämmedowa gowşurýarlar.

Soky we sokudaş

Irki döwürlerde bugdaýy degirmende üwäpdirler. Üwemäge başlamazdan ozal, ony arassalapdyrlar. Bugdaýy arassalamak üçin sokudan we sokudaşdan peýdalanypdyrlar. Soky igde, tut, jigirdek ýaly berk agaçlardan ýasalypdyr. Sokudaş ýaly gaty hem owranmaýan guraly ýasamak üçin uly howuzlaryň aşagyna tut agaçlaryny gömüp, 10 — 15 ýyl howzuň aşagynda saklapdyrlar. Ondan soky üçin daş ýasapdyrlar. Sokynyň daşyna sokudaş diýilmeginiň sebäbi hem howzuň aşagyna gömlüp goýlan tut agajynyň berkleşip, daşdan-da gaty görnüşe geçmegi, ýagny ýalpyldawuk gaty jisime öwrülmegi bilen baglanyşykly gelip çykypdyr. Şalynyň gabygyny arassalamak üçin ulanylýan sokynyň «dikdurma soky», «el soky», «depme soky» ýaly görnüşleri bardyr.

Deri önümleri hakynda

Ýanlyk Halkymyzyň gündelik durmuşynda ulanýan önümleriniň aglaba bölegi deriden ýasalypdyr. Şolaryň biri-de ýanlykdyr. Ony, köplenç, ikiýaşar geçiniň derisinden taýýarlapdyrlar. Ýanlyk üçin ýaňy soýlan malyň derisine kül sepilip iki, üç gün düýrlenip goýlupdyr. Şeýle edilende deriniň tüýi çalt we aňsat aýrylypdyr. Deri ýuwlup, oňa ýel berlip, ýarym gün guradylandan soň taýýar bolupdyr. Ony gatyk ýaýmak üçin ulanypdyrlar. Gatyk ýaýmak üçin ulanylýan meşikler bolsa ýurdumyzyň käbir ýerlerinde «ýaýyk», «tulum» diýlip atlandyrylypdyr.

Armankeşde

Il arasynda bu keşdäniň döreýşi barada şeýle rowaýat bar. Ir döwürde Aýşan diýen çeper gyz toý kürtesine öz oýlap tapan täze keşdesini salypdyr. Onuň elinden çykan keşdeleri gören adamlar gamgynlykdan saplanyp, göwünleri göterilýän eken. Gyzyň el hünärinden döreýän gözel keşdeler örän geçginli bolupdyr. Aýşanyň el işlerini arzan bahadan satyn alyp, gymmat baha satýanlara gyzyň durmuşa çykjak habary ýaramandyr. Şonuň üçin olar ýaşlaryň toýuna böwet bolup, päsgel bermegi ýüreklerine düwüpdirler. Olar öýlenjek ýigidi aldawa salyp, toýdan öň uzak ýerde bir jülgede daňyp saklapdyrlar. Toý tutmak arzuwy wysal bolmadyk gyz gama batyp, täze döreden nagşyna «Armankeşde» diýip at beripdir. Aýşan durmuşa çykman, özüni bu inçe sungata bagyşlapdyr. Ol on barmagynyň hünärini gelin-gyzlara ürç edip öwredipdir. Bu barada il arasynda «Keşdäniň piri Aýşandyr» diýen gürrüň hem bar.

Ýagşyny ýatlamak — parz

Topraga bagry badaşan şahyr Geçen asyryň ikinji ýarymynda türkmen edebiýatyna zehinli, özboluşly döredijiligi bilen okyjylar köpçüligine özüni tanadan dörediji ýaşlaryň uly topary gelip gowşuldy. Şol talantly ýaş şahyrlaryň arasynda Mollanepes adyndaky edebiýat baýragynyň eýesi Italmaz Akmyradow hem bardy. Italmaz Akmyradowyň döredijilik meýdanynda hiç kimiňkä meňzemeýän öz garaýşy, ajaýyp dünýäsi bardy. Onuň ýazan goşgulary many-mazmuna çuňdy, dürli meňzetmelere, pikirlere baýdy. Şahyr “Watan” şygrynda Watanyň mydama juwanlygyna, owadanlygyna, ösüp-özgerýänligine, ebediligine ýüreginden buýsanýardy.

Jöwher dişli ýüňdarak

Murgap etrabynyň Şordepede obasynda Ata Salyhyň edebi-memorial muzeýine aýlanyp ýörkäm, ýüňdaraga gözüm düşüp, çagalygymyň süýji ýatlamalaryna gark bolanymy duýman galdym... ... Gara öýde goraglanýan bir topar zatlaryň arasynda garagolluk etsek görkezilýän ýylgyn ýüňsaýgyç bilen tärime daňylgy ýüňdarak bardy. Ýaz gyrkymynyň ýüňünden saýgyçlanyp, daraklanan pişgelerden, gyşyna guragyrylynyň geregi galyň keçeler basylsa, ikden geçen ýumaklardan bilguşak, ellik, sopbaç jorap örülerdi. Güýz gyrkymynyň goýun ýüňünden ady äleme äşgär bazarlary baglan haly, düýeýüňden agarçäkmen, bir garyş inli bilguşak, ýeňsiz, barly öýüň bezegi düýeýüň saçak dokalardy.

Şan-şöhratly bedewler

Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen ahalteke bedewleri türkmen halky bilen bilelikde taryhyň gatynda mynasyp orna eýe bolupdyr. Ahalteke atlary türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň subutnamasy hasaplanýar. Mälim bolşy ýaly, köpsanly rowaýatlarda we kyssalarda wepalylygy hakynda gürrüň berilýän behişdi bedewler taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri gözelligi we ajaýyplygy boýunça deňi-taýy bolmadyk täsin bedewleri mähir bilen ösdürip ýetişdirdiler hem-de kemala getirdiler. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri häzir hem türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy, ylham joşguny we onuň milli baýlygydyr.