Şan-şöhratly bedewler

5 Dekabr 2023
614

Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen ahalteke bedewleri türkmen halky bilen bilelikde taryhyň gatynda mynasyp orna eýe bolupdyr. Ahalteke atlary türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň subutnamasy hasaplanýar. Mälim bolşy ýaly, köpsanly rowaýatlarda we kyssalarda wepalylygy hakynda gürrüň berilýän behişdi bedewler taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar.

Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri gözelligi we ajaýyplygy boýunça deňi-taýy bolmadyk täsin bedewleri mähir bilen ösdürip ýetişdirdiler hem-de kemala getirdiler. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri häzir hem türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy, ylham joşguny we onuň milli baýlygydyr.

Merdan DAÝHANOW,
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň weterinariýa barlaghanasynyň serologiýa bölümçesiniň başlygy.