«Dözmeseň — dözer...»

7 Dekabr 2023
784

Bäş müň ýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň arasynda «Dözmeseň — dözer, ýakmasaň — ýakar» diýlen aýtgy bar. Bu aýtgynyň birinji ýarymy dayhanlar bilen bagly. Daýhanlar baharda ýere sepen tohumlarynyň gämikläp çykan, gawundyr garpyzlarynyň, kädidir käşirleriniň, gowaçadyr jöwenleriniň, noýbadyr nohutlarynyň şüdügär ýerdäki yaşylja, sagdynja ösüntgilerini görüp guwanýarlar. Emma ýekelemäge gezek gelende bolsa «Dözmeseň — dözer» diýlen jümläni ulanýarlar. Iki gulak bolup çykan gämikleriň ara daşlygyna üns berip ýekelemeseň, dözmän golaý goýup gitseň, soň hasyla duranda gür bolup hasyllylygy pes bolýar. Şonda ekin saňa dözdi diýilýär. Şeýle hem daýhanlar dözümli bolmalydygyny nygtap, «Üzümiňi duşmanyňa çyrpdyr» diýlen aýtgyny hem ulanyarlar.

Maldarlar täze bolan owlak-guzularyndan, naşyja gölelerinden, patanaklap ýören köşeklerinden dözmän alyk alman goýberseler ýa-da çalaja alyk alsalar soň kösenmeli bolýarlar. Şonuň üçin-de owlak-guzulara güýz gyrkymynda, köşeklere güýzüň ahyrynda daglama usulynda dürli şekillerden taýýarlanyp, berk gyzdyrylan metal bilen tagma basanlarynda çarwalar «Ýakmasaň — ýakar» diýlen aýtgyny ulanyp, tagmany berk basýarlar. Sebäbi, dözmän pes basylan tagmalaryň ýüzüne wagtyň geçmegi bilen tüý örüp, «tüý tagma» emele gelýär we gowy görünmän şübheli, jedelli, dawaly tagma öwrülýär. Şonda malyň hakyky eýesiniň içiniň ýanmagy mümkin diýlip, «Ýakmasaň — ýakar» diýlen jümle ulanylýar.

Salyhmuhammet HOMMADOW,
Bäherden etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň müdiri, mirasgär.