Armankeşde

6 Dekabr 2023
774

Il arasynda bu keşdäniň döreýşi barada şeýle rowaýat bar. Ir döwürde Aýşan diýen çeper gyz toý kürtesine öz oýlap tapan täze keşdesini salypdyr. Onuň elinden çykan keşdeleri gören adamlar gamgynlykdan saplanyp, göwünleri göterilýän eken. Gyzyň el hünärinden döreýän gözel keşdeler örän geçginli bolupdyr. Aýşanyň el işlerini arzan bahadan satyn alyp, gymmat baha satýanlara gyzyň durmuşa çykjak habary ýaramandyr. Şonuň üçin olar ýaşlaryň toýuna böwet bolup, päsgel bermegi ýüreklerine düwüpdirler. Olar öýlenjek ýigidi aldawa salyp, toýdan öň uzak ýerde bir jülgede daňyp saklapdyrlar. Toý tutmak arzuwy wysal bolmadyk gyz gama batyp, täze döreden nagşyna «Armankeşde» diýip at beripdir. Aýşan durmuşa çykman, özüni bu inçe sungata bagyşlapdyr. Ol on barmagynyň hünärini gelin-gyzlara ürç edip öwredipdir. Bu barada il arasynda «Keşdäniň piri Aýşandyr» diýen gürrüň hem bar.