Deri önümleri hakynda

6 Dekabr 2023
668

Ýanlyk

Halkymyzyň gündelik durmuşynda ulanýan önümleriniň aglaba bölegi deriden ýasalypdyr. Şolaryň biri-de ýanlykdyr. Ony, köplenç, ikiýaşar geçiniň derisinden taýýarlapdyrlar. Ýanlyk üçin ýaňy soýlan malyň derisine kül sepilip iki, üç gün düýrlenip goýlupdyr. Şeýle edilende deriniň tüýi çalt we aňsat aýrylypdyr. Deri ýuwlup, oňa ýel berlip, ýarym gün guradylandan soň taýýar bolupdyr. Ony gatyk ýaýmak üçin ulanypdyrlar. Gatyk ýaýmak üçin ulanylýan meşikler bolsa ýurdumyzyň käbir ýerlerinde «ýaýyk», «tulum» diýlip atlandyrylypdyr.

Çary BAÝRYÝEW,
Akdepe etrabyndaky 52-nji orta mekdebiň mugallymy.