Pul birlikleri

7 Dekabr 2023
692

Dolanyşygyň möhüm serişdesi bolan gadymy pullaryň daş görnüşiniň özüneçekijiligi şol döwrüň nakgaşlarynyň ussatlygyny, ussahanalaryň tehniki mümkinçilikleriniň ýokary bolandygyny görkezýär.

Gadymy döwürlerden bäri pullaryň atlandyrylyşynda dürli özgerişlikler bolupdyr. Türki halklar XI asyrda kümüş pullary «ýarmak» diýip atlandyrypdyrlar. Bu sözüň ýaýrawy örän giň bolup, onuň ýene bir manysy «dirhem» diýlen pul birligini hem aňladypdyr.