"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 24-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +23° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 727 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 23-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +21°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 5 — 25%.

Goramak, köpeltmek borjumyz

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak meseleleri ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi biziň her birimizi ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny goramak babatda öňde goýlan anyk wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmeklige borçlandyrýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, biziň parasatly pederlerimiz tebigatymyzyň gözelligine, sahawatly topragymyzyň rysgal-berekedine sarpa goýmagy, ony aýawly saklamagy hem-de artdyrmagy başarypdyrlar. Bu ajaýyp däp-dessurlary dowam etdirmek bolsa biziň mukaddes borjumyzdyr. Soňky ýyllarda tebigaty goramak, suw, ýer we geologiki serişdeleri netijeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi hem-de tebigy aýratynlyklary goramak, çölleşmä, gür tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa düşünjesini ýokarlandyrmak, şeýle hem howanyň hapalanmagyny azaltmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyzda tokaý zolaklary, seýilgähler döredilýär. Şäherleriň we obalaryň töwereklerini «gök zolaklar» büreýär. Munuň özi howanyň amatly bolmagyna, ilatly ýerleriň epgekden we tozanly ýellerden goralmagyna mümkinçilik berýär.

Bezeg joýalary

Häzirki günde daş-töweregi abadanlaşdyrmakda we onda gözel keşbi emele getirmekde döredilýän gülhanalaryň döwrebap görnüşleriniň biri-de rabatkalardyr. Rabatka — bu mellek ýerleriniň, bag ýodalarynyň, haýatlaryň gyrasynda döredilýän inçe zolak görnüşli gönüburçly gülhanadyr. Rabatka adatça parallel edilip ekilen bir ýa-da birnäçe görnüşli gülli ösümliklerden döredilýär. Rabatka sözi «rabatte» diýlen nemes sözünden gelip çykyp, ol türkmençede «joýa», «hatar» diýmekligi aňladýar. Rabatka gül ösümliklerinden döredilen berk geometriki şekili talap edýär. Ol köplenç deň beýiklikdäki gülli ösümliklerden döredilýär, ýöne käbir halatlarda kadadan çykma ýagdaýlara-da ýol berilýär. Rabatkada esasy tapawut aýratynlyk berlen şekiliň kesgitli yzygiderlikde gaýtalanmagynda jemlenýär. Rabatka döredilende giňligi 50 santimetrden 2 metr aralygynda bolmalydyr, onuň uzynlygyna çäk goýulmaýar, rabatkanyň iň kiçi uzynlygy onuň giňliginden üç esse uzyn bolmalydyr.

Ýaşaýşyň ýaraşygy

Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän Milli tokaý maksatnamasy ýurduň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmagyň möhüm ugry bolup, ol tokaý giňişlikleriniň goragyna, agaçlary we gyrymsy agaçlary çapmagyň öňüni almaga gönükdirilendir. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda tutuş ýurt boýunça saýaly hem-de miweli bag nahallary ekilýär. Dag, kenarýaka we sähra tokaýlyklarynda türkmen arçasy, eldar senuberi, igde, gyzyl gandym, Ýewfrat deregi köpçülikleýin ekilýär. Şolardan biziň goraghanamyzyň çäklerinde duş gelýän Ýewfrat deregi söwütler maşgalasyna degişlidir. Ol insiz piramida görnüşli uly agaç bolup, beýikligi 9,5-10 metre ýetýär. Mart-maý aýlarynda gülleýär. Ösüntgi baldagyndan gowy ösýär we 100 ýyla golaý ýaşaýar. Meýdan gorag zolaklaryny döretmekde, derýa kenarlaryny berkitmekde we ýerasty suwlaryň golaýynda fitomelioratiw çäreleri geçirmekde bu agajyň uly ähmiýeti bar.

Zemzen

Her bir ýurduň haýwanat dünýäsi onuň baýlygy we milli guwanjy hasaplanylýar. Biziň güneşli ülkämiz haýwanat dünýäsi boýunça Ýer ýüzünde iň baý döwletleriň hataryna girýär. Ýurdumyzda goraghanalaryň 9-sy bolup, şonuň 3-si biziň welaýatymyzda ýerleşýär. Olar barada biziň muzeýimizde giňişleýin maglumatlar bar. Muzeýimiziň tebigat zalynda Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň uly diorammasynda süýrenijiler barada dürli maglumatlar berilýär. Şolardan zemzenler çägeli we toýunly çöllerde, kenar ýakasyndaky kertlerde, ýylgynly tokaýlarda, harabalarda, suwarylýan ýerleriň gyralarynda ýaşaýarlar. Zemzen owadan sypatly we diýseň haýbatly süýrenijidir. Ol hažžyklaryň arasynda iň ulusydyr. Bedeniniň uzynlygy guýrugy bilen bilelikde 1-1,5 metr, agramy bolsa 3-5 kilograma çenli bolup, deri örtüginde türkmen sährasynyň reňk toplumy jemlenendir. Onuň bu reňki süýrenijini ýer örtügine çalymdaş edýär we ýyrtyjylaryň gözünden gizleýär. Kelteden daýaw aýaklary, penjelerinde uzyn barmaklarydyr dyrnaklary bar. Zemzen çäge-çöllükde gowy ylgaýar, guran ýa-da alagury çöl gyrymsylaryna aňsatlyk bilen dyrmaşýar, ýalpak suwda çalasyn ýüzüp bilýär. Zemzen ýerde göwresini süýräp ýöreýär. Şonda onuň aýak yzlary, garnynyň we guýrugynyň aşagyndaky düwürtikleriň şekilleri çägä surat bolup geçýär. Olar mör-möjekler, pyşdyllar, hažžyklar, ýylanlar, guşlar we olaryň ýumurtgalary, gemrijiler we kirpiler bilen iý

Göýül

Tebigatyň bezegi bolan ösümlik dünýäsi endemik, seýrek we gadymy görnüşli bolup, dermanlyk, iýmitlik, bezeg, boýag häsiýetli ösümlikler biziň daş-töweregimizi gurşap alýar. Gadymy döwürlerden bäri adamlar daş-töweregimizi gurşap alýan tebigata, suwa, topraga uly sarpa goýup, bagy-bossanlygy keramatly hasaplapdyrlar. Diýarymyzda ösýän dürli ösümlikler öz düzüminde adam bedenine peýdaly biologik işjeň maddalary saklaýar. Ýurdumyzda has ähmiýetli ýabany ösýän dermanlyk ösümlikleriň biri tikenli göýüldir.

Bilelikdäki netijeli işler

Umumy öýümiz bolan tebigatyň abadan bolmagyny gazanmak, ony goramak köpleriň bilelikdäki tagallalaryny talap edýär. Ýurdumyzda bu möhüm mesele gün tertibinden düşürilmeýär. Şeýle il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işe Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmenleri hem işjeň gatnaşýarlar. Olaryň Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda goraghananyň işgärleriniň we beýleki gyzyklanýan edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçiren çäresi tebigaty goramak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly wajyp meselelere bagyşlandy. Çäräniň dowamynda tebigaty ýangyn howpundan goramak üçin berjaý edilmeli kadalar hakynda giňişleýin durlup geçildi. Welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, içerki gullugyň kapitany Rahmet Hajyýewiň, jemgyýetiň hünärmeni Sähra Saýdaliýewanyň we beýlekileriň çykyşlary has täsirli boldy. Bulardan başga-da, öri meýdanlaryny ýangyndan goramak maksady bilen geçirilmeli gaýragoýulmasyz çäreleriň iş ýüzünde görkezilmegi çäräniň ähmiýetini has artdyrdy.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 23-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19...+21°, gündizine +34...+36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 729 mm.  Çyglylygy 5-25 %.

Mizanda ekseň ekini...

Ata-babalarymyzyň parasatly paýhasa eýlenen söz düzümleriniň her biri özünde örän giň manyny jemleýär. «Mizanda ekseň ekini, ýere urar köküni, hazanda ekseň ekini, alarsyň belaň okuny» diýen jümlede-de her bir ekiniň öz wagtynda ekilmelidigini ýatladýan pähim bar. Hakykatdan-da, türkmenleriň milli senenamasyna görä, ýaldyrakdan soň gelýän mizan döwri güýzlük bugdaýy ekmegiň iň bir amatly wagty hasaplanýar. Sebäbi mizanda ekilen bugdaý gyşa çenli ýere gowy kök urup, eýýäm gyş iýmitlener ýaly ýokumlary, peýdaly elementleri toplaýar. Şonuň üçin gyş nähili gazaply gelende hem ol özüni gorap bilýär. Ine, şeýle kämil we takyk düzülen ýyldyz senenamasy ähli işde, oba hojalygynda we maldarçylykda esasy ýol-ýörelgedir. Mizan ýyldyzlar topary Üçýyldyza meňzeş bolýar. Ýöne olar dogýan we ýaşýan wagtlary boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Ata-babalarymyzyň «Mizan» diýip atlandyrýan ýyldyzlar topary Ýaldyragyň aşagynda mese-mälim saýlanyp duran dört sany has ýagty ýyldyzdyr. Aşakdaky iki ýyldyz türkmenleriň gadymy el terezisiniň iki okarasyna, ýokarsyndaky iki ýyldyz bolsa tereziniň çeküw agajyna we tutawajyna meňzeýär. «Mizan» sözi arap dilinde terezi diýmegi aňladýar. Gün Mizan ýyldyzlar toparynyň içine aralaşanda, gije bilen gündiz deňleşýär. Bu deňleşme belli bir wagtyň dowamynda saklanýar we soňra gündiz gysgalyp, gije uzap başlaýar. Şeýlelikde, biziň milli senenama

Igde bişende...

Igde agajynyň kümüşsöw öwüsýän inçeden uzyn agymtyl ýapraklary birenaýy öwşün atýar. Şol ýapraklaryň sanyna barabar sarymtyl, gyzyl reňkli miwesi doluşan igde şahalarynyň ählisi-de leýlisaça meňzäp, özboluşly gözelligi emele getirýär. Igde Lebapda iň köp ekilýän agaçlaryň biridir. Ony ýörite baglarda däl, ulag ýollarynyň ýakalarynda, suw ýaplarynyň boýlarynda, derýa ýakasyndaky jeňňelliklerde hem görmek bolýar. Şeýle bolansoň, tebigatdaky guş-gumrular hem igdäniň hözirini görýärler. Aýratyn-da, Amyderýa sülgünleriniň igde agajynyň şahalaryna gonup oturan pursatlaryny göreniňde, bu tebigy gözellige haýran galýarsyň. Sülgüniň ganatlaryndaky sary, gyzgylt reňkler igde agajynyň miwesi bilen özara sazlaşýar. Ata-babalarymyz öz döwründe dürli usullar bilen igde miwesiniň her biriniň 1,5-2 santimetre ýetýän görnüşini döredipdirler. Häzirki wagtda ol «türkmen igdesi» diýlip tanalýar. Igdäniň hasylyny sentýabr we oktýabr aýlarynda ýygyp almak bilen, soňra ony güneşli ýerde guradyp tä indiki igde bişýän döwre çenli ulanypdyrlar. Ene-mamalarymyz çagalara igdäni köpräk iýdiripdirler. Sebäbi onda çagalaryň sagdyn ösmegi üçin zerur bolan ýokumlaryň, duzlaryň, mikroelementleriň birnäçesi bar. Aýratyn-da, igde miwesinde С ýokumy, kaliý hem-de fosfor duzlary, glýukoza, fruktoza, pektin maddasy we beloklar ýeterlik möçberde bardyr. Şonuň üçin-de, halkymyz ony dermanlyk serişde hök

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 22-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +17...+19°, gündizine +31...+33° maýyl bolar. Howanyň basyşy 730 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Imbir — şypaly ösümlik

Imbirler maşgalasyna degişli bolan imbir köpýyllyk ösümlikdir. Ol lukmançylykda dürli keselleri bejermekde hem-de nygmatlara aýratyn, gaýtalanmajak tagam bermek maksady bilen ulanylýan iň meşhur dermanlyk ösümlikleriň biridir. Dermanlyk imbiriň köki, aslynda, ýerasty baldak bolup, ylmy barlaglaryň netijesinde, onuň köp peýdaly häsiýetleriniň bardygy tassyklanandyr. Imbir antioksidant, şeýle hem agyry aýryjy häsiýetlere eýedir. Köküniň peýdaly häsiýetleriniň köpdügi sebäpli, imbir çaýy gadymy döwürlerden bäri dürli keselleri bejermek üçin ulanylýar. Iýmitde ulanylsa, bu dermanlyk ösümlik işdäňi açýar, gandaky holesteriniň mukdaryny azaldýar we gan basyşyny peseldýär. Ol howply çişleriň ösmegine garşy öňüni alyş serişdesi hökmünde peýdalydyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 21-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +21°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 21-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +21°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Bathyzyň gyzyl kitaba giren ösümlikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde daşky gurşawyň goragyny, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksatly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan döwletimiz ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygy bilen tapawutlanýar. Ösümlikler janly-jandarlar üçin iýmit bolup hyzmat etse halk hojalygynda çig mal bolup durýar. Goraghananyň ösümlik dünýäsini 76 maşgala degişli 1058 sany ösümlik görnüşleri düzýär. Olaryň 698 görnüşi goraghananyň goralýan çäginde ösýär. Olaryň 78 görnüşi endemik — belli bir ýere mahsus we subendemik — ýarym görnüşlerdir. Ösümlikleriň 14 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Olardan bathyz pissesi, guşgy we leman çigildemleri, bathyz pakyry, bathyz düýegyrany, Wasilçenko pagtabaşy, bir öýli andyz, Androsowyň faglanony, guşgy astragaly bar. Goraghanada üzärlik, buýan, ýandak ýaly dermanlyk ösümlikler hem köp bitýär. Jungar irisi, kaspi sogany, beýik sogan, akbaşly sogan, ownuk tohumly pakyr, ýuka teňňeli çakyrtiken, Roýlyň narpyzagy, keýikoty, käkilik oty, ownuk tohumly mawygül, boýbodron, gyzyl gülälekler ýaly ösümlik toparlary bitýär. Gurakçylyga çydamly kserofit, floranyň 7,5 göteriminden gowragyny tutýar.

Tebigat täsinligi

Owadan kalply ynsanlaryň ählisi öz kalplaryny tebigatyň gözellikleri bilen bezeýär. Döredijilik adamsy halkyň kalbyna ýakyn edip döretdim diýýän ähli zatlaryny tebigatyň özünden alýar. Şeýdibem awtory başga eseri, öz zehin başarnygymyz bilen baglanyşdyryp bizi kämillige ýetirýän esere öwrüp, halk köpçüligine ýetirýäris. Men hem döredijilik adamsy hökmünde hiç ýerde awtor diýip ady ýazylmadyk, tebigat atly awtor bilen ysnyşykly baglanyşykda. Men tebigy gözellikleriň muşdagy, täsinlikleri toplaýjy tebigatşynas. Tebigatyň täsirli görnüşli şekillerini surata düşürip, şol görnüşler bilen baglanyşykly ençeme eserlerimi telim gezek tebigy täsinlikleriň janköýerlerine ýetirdim. Ýene-de şeýle täsirli foto suraty we şonuň bilen baglanyşykly täze zehin döredijiligimi öz janköýerlerime ýetirmek isledim. Ine bir gün täze şygrymy döretmek maksady bilen, döwrebap seýilgählerimiziň birine seýle çykdym. Başy asmana uzaýan belent baglaryň täsirliligi, erkana guşlaryň owazy ýaňlanýan seýligähe seýle çykan keýpiçag ynsanlaryň hereketleri mende täzeçe ylham setirlerini oýardy. Birdenem gojaman, belent daragtyň böwründäki agza meňzeş şekile gözüm düşdi. Bu meniň üçin täzeçe esere badalga boldy. Görüň-ä bu täsinligi, ynsan eli bilen döredip bolmajak gudrat. Göýä diýersiň gojaman daragtyň agzy kysmy. Bu tebigy görnüşi bolşy ýaly surata düşürdim hem-de foto surata “Agajyň agzy” diýip, at goýdum. G

Zäherli ýylanlar

Ýurdumyz geografiki taýdan örän amatly ýerde ýerleşendir. Howa şertleriniň dürlüligi biodürlüligiň örän baý bolmagy bilen şertlendirilýär. Deňziň, çöldür sähralaryň, dagdyr düzlükleriň, tokaýlaryň bolmagy Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrýar. Türkmenistanyň haýwanat dünýäsiniň esasy bölegi bolan oňurgaly haýwanlaryň wekilleri birnäçe klaslardan, toparlardan ybarat. Şolaryň biri hem süýrenijilerdir. Türkmenistanda süýrenijileriň 79 görnüşi duş gelip, pyşdyllaryň 3 görnüşi, hažžyklaryň 47 görnüşi, ýylanlaryň 29 görnüşi hasaba alnan. Süýrenijileriň görnüşleriniň dürli-dürli bolmagy ýaşaýyş durmuşyny tapawutlandyrýar. Olaryň göwrümi 4-5 santimetrden 2 metre çenli, şonuň ýaly hem agramy 1 gramdan 3 kilograma çenli jandarlardyr. Käbir görnüşleriniň ýaşaýşy suw bilen bagly bolsa, beýleki biri suwsuz hem ýaşap bilýärler. Süýrenijiler sowuk, ganly jandarlardyr. Olaryň işjeňligi daşky gurşawyň gyzgynlygyna baglydyr. Olar iýýän iýmitini topragyň gyzgynlygyna görä siňdirýärler. Has içgin bilinmeli süýrenijileriň görnüşleri ýylanlardyr. Ýylanlaryň 29 görnüşiniň 4 görnüşi zäherlidir. Kepjebaş, alahöwren, galkanburun, göklors zäherli ýylanlardyr. Adatça, ýylan ýa-da ýylanlar barada, aýratynam, olaryň zäherli görnüşleri hakynda makaladyr kitap okalanda, ýa-da gürrüň edilende bu jandarlaryň ýatdan çykmajak özboluşly keşbi biygtyýar göz öňüňe gelýär. Hakykatdanam, olaryň giz

Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

ormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suw serişdelerinden netijeli peýdalanmagyň wajyplygyna, onuň bisarpa ulanylmagyna ýol berilmeli däldigine ünsi çekip, ýurdumyzyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak babatda ençeme çäreleri durmuşa geçirmegi wezipe edip goýýar. Suw ýer ýüzüniň dörtden üç bölegine golaý meýdanyny tutýar we onuň esasy bölegi ummanlarda, deňizlerde jemlenendir. Gury ýeriň az bölegini (3%) tutýan derýalar, köller, çeşmeler, akabalar, suw howdanlary adamyň ýaşaýşynda uly ähmiýete eýedir. Suwsuz ýaşaýşy göz öňüne getirmek mümkin däl. Suw ýaşaýşyň gözbaşydyr. Yssy hem-de gurak ýurtlarda suwuň gadyry has-da aýratyn duýulýar. Nirede suw, derýa, dag çeşmesi ýa-da gazylan guýy bolsun, diňe şol ýerde ýaşaýyş bolupdyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 20-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +20°, gündizine +31... +33° maýyl bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 20 — 40%.